Soňky habarlar

Arhiw

25 ýaşly Wei Deng üçünji gezek dünýä çempiony

13:1807.11.2018
0
1073

Rio — 2016 Olimpiýa oýunlarynyň altyn medalynyň eýesi, hytaýly 25 ýaşly agyr atletikaçy zenan Wei Deng Aşgabatda geçirilýän dünýä çempionatynda üçünji gezek altyn medala mynasyp boldy. Iň ýakyn bäsdeşinden 13 kilogramlyk tapawut bilen öňe saýlanan agyr atletikaçy, iki görnüşiň jemi boýunça 252 kilograma ýetdi. Şeýle hem ol şu çempionatda üç sany dünýä rekordyny täzeledi.

Zenanlar, 64 kilogram

Orunlar:

Altyn medal: Wei Deng (Hytaý), 252 kilogram;

Kümüş medal: Un Sim Rim (KHDR), 239 kilogram;

Bürünç medal: Rattanawan Wamalun, 239 kilogram.

Rekordlar:

Ulularyň arasynda: Wei Deng, silterläp götermek boýunça dünýä rekordy, 112 kilogram;

itekläp götermek boýunça dünýä rekordy, 140 kilogram;

iki görnüşiň jemi boýunça dünýä rekordy, 252 kilogram.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň