Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň we Owganystanyň pudaklaýyn ministrlikleriniň arasynda ylalaşyga gol çekildi

23:5212.10.2018
0
6540

Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Energetika we suw serişdeleri ministrliginiň arasynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) elektrik geçirijisiniň taslamasy boýunça ylalaşyga gol çekildi.

Iki goňşy ýurduň pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we hünärmenleriniň duşuşygynyň barşynda Günorta Aziýa döwletleriniň energiýa serişdelerine bolan barha artýan isleglerini kanagatlandyrmaga we degişlilikde olaryň ykdysady ösüşine ýardam bermäge gönükdirilen täze transmilli energetika geçirijisini döretmegiň örän wajypdygy nygtaldy. 11-nji oktýabrda geçirilen duşuşykda gönüden-göni serhetdeş döwletleriň çäkleri boýunça transmilli energetika ulgamyny çekmek bilen baglanyşykly meseleler ylalaşyldy. Hususan-da, ylalaşykda täze elektrik geçiriji ulgam boýunça Owganystana — Hyrada we Gandagara, hersine 300 megawat (jemi 600 megawat) iberiljek elektrik energiýanyň möçberleri kesgitlenildi. Geljekde olaryň möçberini 1 müň megawata çenli artdyrmak maksat edinilýär.

Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Energetika we suw serişdeleri ministrliginiň arasynda gol çekilen ylalaşyk Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň iri möçberli taslamasynyň gurluşygyny amala aşyrmakda täze tapgyry alamatlandyryp, iki doganlyk döwletleriň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalanmagyna, olaryň netijeli hyzmatdaşlyk etmegine ýardam berer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň