Arhiw

2021-nji ýylda Aşgabatda welotrek boýunça dünýä çempionatynyň geçirilmegine garaşylýar

18:1129.09.2018
0
10249

“Insidethegames.biz” saýtynda habar berlişi ýaly, 2021-nji ýylda Aşgabat şäherinde welosport boýunça dünýä çempionaty geçirilip bilner. Saýt bu habary Halkara welosiped birleşiginiň (UCI) 2020 - 2024-nji ýylda geçirmegi meýilleşdirýän halkara ýaryşlarynyň sanawyna esaslanyp ýazýar.
Habarda bu ýaryşy kabul etmek üçin Türkmenistanyň örän ajaýyp mümkinçilikleriniň bardygy hem aýdylýar. Anyk mysallar hökmünde bolsa, ýurtda soňky ýyllarda sport boýunça gazanylanlara salgylanylypdyr.
Çempionat geçirilen ýagdaýynda Aşgabat welotrek boýunça dünýä çempionatyny kabul eden Aziýadaky üçünji şäher bolar. Ozal bu çempionat Ýaponiýanyň Maebasi we Hytaýyň Gonkong şäherlerinde geçirilipdi.
2021-nji ýyldaky dünýä çempionatyny Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesindäki döwrebap welotrek binasynda geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu binada ozal Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýynça V Aziýa oýunlarynyň çägindäki welotrek ýaryşy geçirilipdi. Bu toplumda şu ýylyň noýabr aýynda Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň geçiriljekdigini hem ýene bir ýola ýatladýarys.
Ýeri gelende, Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG tarapyndan her ýylyň 3-nji iýunynyň Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edilendigini hem ýatlamak gerek.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň