Soňky habarlar

Arhiw

“Aprel 25” —“Altyn asyr” duşuşygyna omanly eminler eminlik eder

19:2617.09.2018
0
1086

FIFA-nyň emini Ahmed Bakar Said Al Kafyň ýolbaşçylygyndaky omanly eminler topary ýurdumyzyň çempiony “Altyn Asyryň” AFK-nyň Kubogy 2018-iň sebitleýin finalyndaky birinji duşuşygynda eminlik eder. 19-njy sentýabrda Demirgazyk Koreýada “Altyn Asyryň” ýerli “Aprel 25” topary bilen geçirjek duşuşygynda Said Al Kafyň kömekçileri hökmünde Al-Amri Abu Bakar Salim Mahad hem-de Raşid Hamed Ali Al Ghaithi çykyş ederler. Duşuşygyň ätiýaçdaky emininiň wezipesini FIFA-nyň emini Žang Lei (Hytaý) ýerine ýetirer.
Bu duşuşygyň gözegçi emini Alzeid Abdulrahman Zeid (Saud Arabystany), duşuşygyň komissary gonkongly Ýuen Mun Çuýen bolar.
Ýeri gelende aýtsak, AFK-nyň Kubogynyň Interzolagynyň finalynda “Aprel 25” bilen “Altyn Asyr” toparlarynyň arasyndaky birinji duşuşyk 19-njy sentýabrda Phenýan, 3-nji oktýabrda bolsa Aşgabatda geçiriler
Çeşme: tff.com.tm

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň