опубликованно 30.08.2018 // 27 - просмотров
Şu gün Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde halkymyzyň baý taryhy-medeni mirasyny dünýä jemgyýetçiligine wagyz etmegiň meselelerine bagyşlanan çäre geçirildi. Ara alyp maslahatlaşmalara ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri, belli alymlar, sungaty öwrenijiler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar. Olar Germaniýada geçýän “Margiana — Türkmenistanyň çäklerindäki Bürünç asyrynyň şalygy” diýen sergi üçin nemes we türkmen hünärmenleri tarapyndan ýörite taýýarlanylan neşir bilen tanyşdylar.
Ajaýyp bezelen katalog birnäçe degişli bölümlerden ybarat bolup, gadymy we kuwwatly Margiananyň durmuşynyň dürli ugurlaryny yzygiderli beýan edýär, şonuň netijesinde, okyjy beýik türkmen döwletiniň haýran galdyrýan keşbini göz öňüne getirýär. Okyjy neşiriň sahypalary boýunça syýahat edip, gadymy siwilizasiýanyň taryhyna aralaşyp biler, onuň özboluşly medeniýetine, ajaýyp binagärligine, biziň eramyza çenli III-II asyrlaryň altyndan, bürünçden we piliň süňkünden taýýarlanan täsin önümlerine göz ýetirer. Olaryň köpüsi häzir Berliniň Täze muzeýinde ýaýbaňlanan sergä girizildi. Güýzde bolsa bu sergi Germaniýanyň beýleki şäheri bolan Gamburga, ondan soň bolsa Mangeým şäherine geçer.