Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda türkmen-gyrgyz gepleşikleri geçirildi

22:0823.08.2018
0
3597

23-nji awgustda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekowyň arasynda gepleşikler geçirildi.
“Oguzhan” köşkler toplumynda geçirilen gepleşiklerde Türkmenistanyň hem-de Gyrgyz Respublikasynyň Baştutanlary döwletara gatnaşyklarynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, hyzmatdaşlygyň geljegini we häzirki ýagdaýyny nazara almak bilen, esasy ugurlary anyklaşdyrdylar. Söwda-ykdysady ulgam, energetika, ulag we beýleki birnäçe pudaklar ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi.
Iki ýurduň Liderleri Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň ornuny belläp, netijeli gatnaşyklary, şol sanda iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmaga we işjeňleşdirmäge ýardam edýän işewür duşuşyklaryň geçirilmeginiň ähmiýetine aýratyn üns berdiler.
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Sooronbaý Žeenbekow ynsanperwer ulgamynda gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň, ylym-bilim we medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň wajypdygyny aýtdylar. Sport ulgamy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
Taraplar halkara giňişliginde mundan beýläk-de netijeli hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny tassyklap, sebit we ählumumy gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän wajyp meseleleriniň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň