XVIII tomusky Aziýa oýunlarynda ýaryşlaryň dördünji güni tamamlanyp, ol biziň ýurdumyza nobatdaky medaly, bu gezek bürünç medaly getirdi.
87 kilograma çenli agram derejesinde grek-rim göreşi boýunça ýaryşlarda çykyş eden Şihazberdi Öwelekow günüň gahrymany boldy. Ol çärýek finalda Oýunlaryň geljekki ýeňijisi eýranly Hossein Nouriden ýeňlip, üçünji baýrakly orun ugrunda Ýemenden bolan pälwan bilen duşuşdy.
Bu göreşde üstünlik örän aýdyň ýagdaýda biziň türgenimiziň tarapynda boldy. Eminler 8:0 hasabynda duşuşygyň 39-njy sekundynda tutluşygy sakladylar. Munuň özi grek-rim göreşi boýunça ýygyndy toparymyzyň baş tälimçisi Rozy Rejepowyň türgeniniň iri ýaryşlarda ikinji bürünç medalydyr. Ş.Öwelekow ilkinji baýragyny Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda gazandy.
Şirmet Pirmanowyň hem (77 kilograma çenli) medal gazanmaga hemme mümkinçiligi boldy. Ol Katardan we Täjigistandan bolan garşydaşlaryndan üstün çykyp, 1/8 we 1/4 finala çykdy. Ýöne soňky duşuşyklarynda ildeşimiz Aziýanyň häzirki çempionyndan — koreýaly pälwandan ýeňildi. Netijede, ýaryşyň tertipnamasynda ol bäşinji orny eýeleýär.
Basketbol boýunça hem ýaryşlara badalga berildi. Biziň ýaş toparymyz sportuň bu görnüşinde Toýly Baýryýewiň ýolbaşçylygynda çykyş edýär. Türkmenistanyň ýygyndysynyň ilkinji garşydaşy Yrak topary boldy. Biziň türgenlerimiz ykjamlyga hem-de uzakdan zyňlanda sebede giren pökgä iki utuk berilýän tilsimleri amala aşyrmaga esasy ýykgyn etdiler.
Ýaryş çekeleşikli boldy, hasapdaky tapawut iki pökgüden artyk bolmadyk ýagdaýynda üýtgäp durdy. Duşuşygyň tamamlanmagyna çenli ýarym minut galanda hasap deňlikdi, emma Yragyň topary pökgini netijeli zyňmagyň barşynda 14:16 hasabynda öňe çykdy.
Owganystanyň ýygyndy toparyny ýeňen gazak basketbolçylary bilen duşuşyk hem gyzykly we dartgynly boldy. Duşuşygyň ahyrky minutlarynda türgenlerimiz üstünlikli oýny ele alyp, ara açmagy artdyryp başladylar. Netijede, 17:13 hasabynda ýeňiş gazanyldy.
Owganystanyň topary bilen oýnuň ilkinji minutlaryndan başlap, biziň ýygyndymyz uly tapawut bilen öňe saýlandy hem-de duşuşyk utuklar boýunça (22:9) türkmenistanlylaryň peýdasyna tamamlandy. Ýaryşlaryň ilkinji gününiň netijeleri boýunça türkmen basketbolçylary baýrakly orunlaryň üçlüginde barýar. Öňde Eýranyň we Yragyň wekilleri bolup, olaryň hersinde hem iki ýeňiş bar, ýöne olar bir oýny az geçirdiler.
Düýn türgenleriň şäherçesinde agyr atletikada kümüş medala mynasyp bolan biziň ilkinji baýrak eýesi bolmagy başaran türgenimiz Kristina Şermetowany sylaglamak dabarasynyň bolandygyny bellemek gerek. Ony Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň hem-de Milli Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçylary gutladylar. Tälimçiler we topardaş ýoldaşlary hem mähirli sözlerini aýtdylar.
Aziada — 2018-iň ýaryşlary dowam edýär.