Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti ýurtda bilim özgertmelerini geçirmegiň täze ugurlaryny kesgitledi

11:5910.08.2018
0
13864


Balkan welaýatyna saparynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabadyň A.Nyýazow we Hoja Ahmet ýasawy köçeleriniň çatrygynda ýerleşýän 21-nji orta mekdebiň köne binada ýerleşýändigini aýtdy we häkime bu bilim ojagy üçin täze, häzirki wagtda halkara derejesine çykýan Türkmenistanyň bilim ulgamynyň talaplaryna doly laýyk gelýän täze binalaryň gurulmagyny üpjün etmegi tabşyrdy. 
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany şäher häkimine Bilim ministrligi bilen bilelikde bu mekdebiň täze, döwrebap we has giň binasynyň ýerleşjek ýerini kesgitlemegi, bilim ojagyna çagalaryň barmagy has amatly bolar ýaly çäreleri görmegi tabşyrdy. 
Türkmenistanyň Prezidenti bilim babatdaky hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak we görnüşlerini giňeltmek, okuw mekdepleriniň işini kämilleşdirmek meselesine degip geçip, dürli ugurlara ýöriteleşdirilen täze mekdepleri gurmagyň zerurdygyny aýtdy. Şu mekdebi we beýleki käbir bilim ojaklaryny dil öwrenmek ugruna gönükdirmek maksada laýyk bolar. 
Ýurdumyzda mekdep ýaşyna çenli we mekdep bilim ulgamynda üç dili öwrenmek üstünlikli ösdürilýär. Döwlet dili hökmünde türkmen dili, ählumumy ykdysadyýete üstünlikli goşulyşmagyň dili hökmünde iňlis dili, milletara gatnaşyklaryň dili hökmünde rus dili öwrenilýär. Türkmenistanda ýokary okuw mekdepleriniň hem-de orta mekdepleriň maksatnamasyna ýapon we koreý dilleri hem girizildi. Indi bu sanawy giňeltmek zerur bolup durýar diýip, döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. 
Başgaça aýdylanda, umumybilim derslerinden başga-da, täze ýöriteleşdirilen mekdepleriň okuw maksatnamasyna daşary ýurt dilleriniň birnäçesini, ilkinji nobatda bolsa, dünýä dillerini girizmek möhümdir. Şolaryň hatarynda, BMG-niň resmi iş dilleri bolan arap, ispan, hytaý, fransuz hem-de ýokarda agzalyp geçilen iňlis we rus dilleri bar. Şol sanawa Aziýada giňden ýaýran ýa-da dünýäniň ösüşine goşant goşmak babatda möhüm orun eýeleýän dilleri goşmak bolar. 
Dünýä dilleri giňden öwredilýän mekdeplerden başga-da, tehnologik ugurly orta mekdepleri hem-de ýörite synplary döretmek möhümdir. Şolarda inžener-tehniki işe, konstruktorçylyk pikirine isleg bildirýän zehinli çagalar okarlar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Häzirki döwürde matematika ugurly mekdepler hem örän wajypdyr. Şolarda häzirki döwürde zerur bolan sanly ykdysadyýet hünärleri boýunça düýpli bilim berler. 
Aýry-aýry mekdepler üçin himiýa-biologiýa ugurly, tebigy ylymlary öz içine alýan dersleri işläp taýýarlamak möhüm bolup durýar. Onda ösüp gelýän nesliň daşymyzy gurşap alan dünýäniň kanunlaryna has çuňňur düşünmek üçin tebigaty goraýyş, ekologiýa hünärlerine aýratyn üns berilmelidir diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. 
Umuman, paýtagtymyzyň ilatynyň sanynyň çalt köpelýändigini nazara almak bilen, ýakyn wagtda çagalar baglarynyň we mekdepleriň zerur bolan möçberini gurmak barada pikirlenmek zerurdyr. Şunda ol ýa-da beýleki ulgamlar boýunça işgärleriň bilimleriniň hem-de iş kämilliginiň zerurlygy bilen baglylykda olaryň ýörite ugurlaryny kesgitlemek wajypdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy. 
600-700 orunlyk mekdepler iň täze halkara ülňülerine laýyklykda enjamlaşdyrylmalydyr, çünki multimediýa okuw tehnikasy çalt ösýär, şunuň bilen birlikde, san tehnologiýalaryny ulanmak arkaly okatmagyň usullary yzygiderli täzelenilýär. Şoňa görä-de, täze eýýamyň çagalarynyň ruhuna we ösüşine laýyk gelýän mekdeplere gatnamagy üçin bize geljege nazar aýlamak hem-de wagtdan ozduryp işlemek zerurdyr diýip, döwlet Baştutany nygtady. 
Täze meýilnamalara, maksatlara hem-de pikirlere eýe bolan bilim ulgamy XXI asyra gadam basdy. Bilim ulgamynyň kompýuterleşdirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Bilimiň esasy maksady bolsa sazlaşykly ösen, durmuş babatda işjeň we döredijilikli şahsyýeti kemala getirmekden ybaratdyr. 
Häzirki türkmen jemgyýetini durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy hem-de ruhy ahlak taýdan özgertmek bilim ulgamynda milli mugallymçylyk däpleriniň we dünýä ýörelgeleriniň utgaşdyrylmagyna esaslanýan özgertmeleriň üstünligine gönüden-göni baglydyr diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Şu esasda mukdar we hil babatda uly özgerişlikler bolup geçýär, täze görnüşli mekdepler döreýär, adam mümkinçiliklerini artdyrmakda şolaryň orny ýokarlanýar. Zehinli çagalar üçin mekdepler geçmişde galdy. Häzirkizaman bilim ulgamy ähli çagalaryň tebigy zehinlidiginden ugur almalydyr, mekdep terbiýesiniň esasy wezipesi olaryň mümkinçiliklerini açyp görkezmekden, çagalara ukyplaryny ýüze çykarmaga ýardam bermekden we olary degişli ugra gönükdirmekden ybaratdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de sözüň doly manysynda, her bir mekdebiň zehinli çagalar üçin bolmalydygyny nygtady. 
Şunuň bilen baglylykda, umumy bilim edaralarynyň täze nusgasy — dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýokary derejeli mekdepler zerur bolup durýar. Olar döwrüň talabyna laýyk gelýän taýýarlygyň derejesini üpjün eder we goşmaça bilim hyzmatlarynyň giň görnüşlerini hödürlär. 
Mugallymlar we çagalaryň ene-atalary çaganyň ýykgyn edýän ugruny kesgitlemelidirler hem-de başlangyç mekdepden, hatda çagalar baglaryndan başlap onuň özüniň geljegine garaýyşlaryny kemala getirmäge ýardam etmelidirler. Dürli ugurly mekdepler, gimnaziýalar hem muňa ýardam etmäge gönükdirilendir. Şeýle mekdepleri diňe bir paýtagtymyzda däl, eýsem, welaýatlarda hem gurmak zerurdyr. Bilim ulgamyny mundan beýläk-de özgertmek we döwrebaplaşdyrmak bilen baglylykda, bu ulgamda entek edilmeli işler köpdür, şu işlere eýýäm häzirki wagtdan girişmek möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Eýýäm irki ýaşdan çagalary ylmy-barlag işine höweslendirmek, olaryň tebigy bilesigelijiligini höweslendirmek hem-de täze bilimleri ele almaga ugrukdyrmak wajypdyr. Munuň özi ýurdumyzyň innowasion ösüşine saldamly goşant goşjak geljekki hünärmenleri taýýarlamak üçin ygtybarly binýady döreder. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlaryň hemme ýerlerde ýokary hilli bilim almagy üçin ýurdumyzyň ähli sebitlerini öz içine alýan mekdep-gimnaziýalaryň giň ulgamyny döretmegiň zerurdygyny belledi. Şunda ýaş nesil üçin ylmy - döredijilik we sportuň islendik görnüşi bilen meşgullanmaga mümkinçiligi bolmalydyr. 
Mekdepleriň ählisi iň döwrebap enjamlar, barlaghanalar, elektron kitaphanalary, döredijilik ussahanalary, sport zallary, alysdan gatnap okaýan çagalar üçin niýetlenen umumyýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edilmelidir. 
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän mekdeplerde iň kämil enjamly lingafon otaglarynyň, öwrenilýän dillerde neşir edilen çeper we ylmy-köpçülikleýin edebiýata degişli kitaplaryň, daşary ýurtlaryň gazetleriniň we žurnallarynyň bolmalydygyny aýtdy. 
Okuwçylarda maglumatlary gözlemek hem-de maglumat çeşmeleri bilen işlemegiň endiklerini kemala getirmek babatda garaýyşlaryny ösdürmekde hut mekdep kitaphanalaryna möhüm orun degişlidir. Şoňa görä-de, mugallymlaryň we okuwçylaryň alyp biljek bilimleriniň hem-de tejribe endikleriniň görnüşlerini giňeltmek mekdeplerde we başlangyç hünär bilim edaralarynda döwrebap kitaphana hyzmatynyň esasy ugurlarynyň biri bolmalydyr. 
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bitewi sanly kitaphanany döretmegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Şol kitaphana ähli mekdepler birikdirilmelidir, ony bütindünýä mekdep kitaphanalary ulgamyna birikdirmek mümkinçiligine garalmalydyr. Şeýle hem uly ders olimpiýadalaryny – mekdebara hem-de umumy milli olimpiýadalary, okuwçylar maslahatlaryny hem-de forumlaryny, bäsleşikleri geçirmek zerurdyr. Şolarda çagalar özleriniň işläp taýýarlamalaryny, pikirlerini, ylym we döredijilik babatda gazananlaryny paýlaşyp bilerler. 
Şeýle hem ynsanperwer ugurly mekdepleri açmak wajypdyr, çünki medeniýet, ruhyýet, milli miras bilen baglanyşykly meseleler hemişe üns merkezinde bolar diýip, milli Liderimiz aýtdy. 
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz häzir hereket edýän iri medeniýet ojaklaryndan başga-da, kiçi medeni-aň-paýhas, dynç alyş edaralar ulgamyny ösdürmegiň möhümdigini aýtdy. 
Bu çäreleriň ählisi bar bolan hem-de çaklanylýan islegleri nazara almak bilen, sazlaşykly durmuş ulgamyny döretmäge ýardam eder diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. 
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pikirine görä, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürmek, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak üçin uly mümkinçilikler bar. Şol mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmak bolsa bilim ulgamyndaky wezipeleri çözmek bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň