Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen agyr atletikaçylarynyň Tbilisidäki türgenleşikleri dowam edýär

21:2406.08.2018
0
4834

Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndysy Aşgabatda geçiriljek dünýä çempionatyna taýýarlyk işlerini şu günler gruziýanyň Tbilisi şäherinde dowam etdirýärler. Bu ýerdäki türgenleşiklere milli ýygyndymyzyň hataryna çagyrylan 12 türgen we 3 tälimçi gatnaşýar.

Şu ýylyň dowamynda Özbegistanda we Gazagystanda okwu-türgenleşiklerinde bolup gelen milli ýygyndymyz taýýarlygyň mundan öňki tapgyryny Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde geçipdi. Tbilisdäki ýygnanşyk tamamlanansoň, milli ýygyndymyz ýene-de paýtagtymyza gaýdyp geler. Aşgabatdaky birnäçe günlük türgenleşiklerden soň, okuw-türgenleşiginiň indiki tapgyrynyň salgysy Gazagystanyň Kostanaý şäheri bolar. Bu ýerde 9-njy sentýabra çenli türgenleşmek meýilleşdirilýär.

Şu günler ýaryşyň guramaçylyk komiteti tarapyndan hem birnäçe işler alnyp barylýar. Olaryň arasynda IWF-niň agzasy bolup durýan 182 döwlete çakylyk hatlaryny ýollamak, oýunlaryň nyşany boýunça geçirilen bäsleşigiň jemini jemläp, ýeňijini sylaglamak ýaly çäreler bar. Ozal hem habar berşimiz ýaly, ýakynda Aşgabatda geçiriljek dünýä çempionatynyň nyşany tassyklandy. Onuň dizaýny türkmen hünärmenleri tarapyndan ýerine ýetirildi.

Tbilisidäki türgenleşikler barada gürrüňimizi dowam etdirmek bilen, oňa çagyrylan agyr atletikaçylarymyzyň arasynda Rejepbaý Rejebow, Daýanç Aşyrow, Maksat Meredow, Pirguly Pirgulyýew, Söhbet Tirkişow, Bunýat Raşidow, Hydyrberdi Ýagmyrow, Gaýgysyz Töräýew, Polina Gurýewa, Kristina Şermetowa, Ýulduz Jumabaýewa, Bägül berdiýewa ýaly güýçli, medal tama edilýän türgenlerimiziň bardygyny habar berýäris. Milli ýygyndymyzy Meretguly Sähetmyradow, Ümürbek Bazarbaýew we türkiýeli hünärmen, halkara derejeli sport ussady Jafer Topçu türgenleşdirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň