Aziýa Kubogy-2019-yň final bölegindäki garşydaşymyz tälimçisini çalyşdy

14:4202.08.2018
0
3528

Özbegistanyň Futbol Assosiasiýasynyň ýolbaşçylary futbol boýunça milli ýygyndylarynyň baş tälimçini çalyşdylar. Özbek futbolunyň ýolbaşçylary 10-dan gowrak dalaşgäriň içinden nazarlaryny adybelli argentin hünärmeni Ektor Kuperde sakladylar. Milli ýygyndynyň täze tälimçisi bilen tanyşdyrylyş dabarasy 6-njy awgustda geçiriler.
Mundan öň ýerli futbol assosiasiýasynyň wise-prezidenti Umid Ahmatjanow milli ýygyndynyň başyna örän güýçli hünärmeni getirjeklerini köp tekrarlapdy.
“ÖFA bu ugurda saldamly işi geçirdi. Biziň milli ýygyndymyza tälimçi boljak hünärmeniň halkymyzyň köpýyllyk arzuwyny hakykata öwürmek üçin netijeli iş geçirmegi hökmany bolup durýardy. Şol sebäpli-de, bu ugurdaky gözleglerimiz biraz uzagraga çekdi.
Aslynda Ektor Kuper özbek futboly bilen golaýdan tanyş. Onuň iň soňky ýeten sepgidini hemmämiz bilýändiris. Ol Müsüriň milli ýygyndysyny ýakynda Russiýada geçirilen Dünýä çempionatynyň final bölegine çykarmagy başarypdy. Hut onuň goldamagynda dünýä futbolunyň ýyldyzyna öwrülen Mohamed Salah netijeli oýun görkezip ugrapdy” diýip, U.Ahmatjanow belläp geçdi.
Ýeri gelende aýtsak, Özbegistanyň milli ýygyndysy Aziýa Kubogy 2019-yň final böleginiň toparçalaýyn bäsleşiginde Türkmenistanyň milli ýygyndysy bilen duşuşar.
Futbol boýunça Aziýa Kubogyny eýelemek ugrundaky ýaryşyň final bölegi 2019-njy ýylyň 5-nji ýanwary-1-nji fewraly aralygynda BAE-de geçiriler. “F” toparçasynda çykyş edýän Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň garşydaşlary Omanyň, Ýaponiýanyň hem-de Özbegistanyň ýygyndylary bolar. Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşyk 2019-njy ýylyň 13-nji ýanwarynda Al-Aýnyň “Al-Maktoum” stadionynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň