Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda ÝHHG-niň sebit maslahaty geçýär

04:4331.05.2018
0
5491

Paýtagtymyzda “Degişli dolandyryş we ykdysady özara baglanyşyk — ÝHHG-niň sebitinde öňdebaryjy amalyýet” atly ministrler derejesindäki sebit maslahaty öz işine başlady. Oňa Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Owganystanyň hem-de ÝHHG-ä agza döwletleriň wekilleri gatnaşdylar.
Foruma ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary-da çagyryldy. Türkmen tarapyndan degişli edaralaryň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri gatnaşdylar.
Maslahata gatnaşyjylaryň düzümi hem-de çykyşlaryň mazmuny onuň möhüm ähmiýete eýedigine güwä geçýär. Forum köptaraply gatnaşyklaryň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşmak üçin özboluşly çärä öwrüldi. Forumyň esasy maksady ykdysady dolandyryş ulgamynda syýasy gepleşiklere ýardam bermek arkaly sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen wezipeleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdyr. Şol wezipeleriň hataryna söwda işlerini ýönekeýleşdirmek babatda öňdebaryjy tejribäni alyşmak, ulag ulgamyny ösdürmek hem-de serhet we gümrük hereketlerini sazlaşdyrmak, san bilen belgilemekde hem-de ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmakda iň täze işläp taýýarlamalar arkaly sebit üstaşyr geçirmegi gowulandyrmak meseleleri girizildi.
Maslahatda çykyş edenler gozgalýan meseleleriň wajypdygyny aýdyp, bar bolan meseleleri hem-de olar bilen baglanyşykly syýasy-hukuk, amaly we beýleki meseleleri çözmekde ylalaşykly çemeleşmeleri işläp taýýarlamak maksady bilen tagallalary mundan beýläk-de birleşdirmek babatda pikirlerini aýtdylar. Bu bolsa sebit we dünýä derejesinde durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň üpjün edilmegi bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.
Nygtalyşy ýaly, zerur derejedäki dolandyryş durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmakda, şeýle hem amatly işewür we maýa goýum ýagdaýyny döretmekde esasy mesele bolup durýar. Şol bir wagtda-da, ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek üçin çäksiz mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.
Çykyş edenleriň umumy pikirine görä, özara baglanyşyga ýardam bermek halkara söwdany hem-de daşary ýurt maýa goýumlaryny höweslendirýän ykdysady işlerde zerur bolan dolandyryş ulgamyny talap edýär, diýmek, durnukly ösüşi üpjün edip biler. Milli ykdysadyýetleriň goşulyşmagynyň ösmegi ulag ulgamynyň we gümrük işleriniň ylalaşyklylygynyň, açyklygynyň hem-de öňünden kesgitlemek mümkinçiliginiň, söwda we işewürlik düzgünleriniň ýönekeýleşdirilmeginiň ähmiýetini artdyrýar.
Çykyşlarda bellenilişi ýaly, söwda we ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek ýurtlary ýakynlaşdyrmakda uly ähmiýete eýedir. Merkezi Aziýa sebitiniň döwletleriniň ösüşine geçirilen seljerme soňky 20 ýylda olaryň hemmesiniň dünýä ykdysadyýetine işjeň goşulyşmagyndan ep-esli utuş gazanandyklaryny görkezýär. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň