29-njy maýda Russiýa Federasiýasyndan Watanymyza gaýdyp gelen “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar we “Türkmen jigitleri” toparlary köpçülikleýin baýramçylyk dabaralary we aýdym-sazly çykyşlar bilen garşylanyldy, olara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özi Gutlag hatyny iberdi.
Ir bilen aşgabatlylaryň müňlerçesi paýtagtymyzyň howa menziline barýan ýoluň ugruna çykyp, Halkara sirk festiwalynyň ýeňijilerini mübäreklediler. Jigitler bedewlere atlandylar we dabara gatnaşyjylaryň ugratmagynda paýtagtymyzyň şaýollary bilen şäheriň Döwlet sirkine tarap ugradylar.
... Birnäçe wagtdan soň, baýramçylyk ýörişi sirkiň öňündäki meýdançada tamamlandy. Bu ýerde olary baýramçylyk çykyşy bilen tans toparlary garşyladylar.
Dabaralar bolsa sirkiň binasynda dowam etdi, manežde aýdyň öwüşginli tomaşa ýaýbaňlandy. Tomaşa başlanmazdan ozal hormatly Prezidentimiziň Ahalteke atçylyk toplumynyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar hem-de Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň “Türkmen jigitleri” toparyna iberen Gutlagy okaldy.
Dabaranyň gahrymanlarynyň hormatyna bu ýerde belli estrada aýdymçylarynyň, tans we folklor-etnografiýa toparlarynyň gatnaşmagynda konsert boldy. Onuň maksatnamasyna şeýle hem akrobatika çykyşlary, masgarabazlaryň we beýlekileriň çykyşlary girizildi.
Bu ýerde gurnalan manežde atly ýigitleriň we gyzlaryň çykyşlary hem boldy. Olar, hemişe bolşy ýaly, sirk we baýramçylyk çykyşlaryna özboluşly milli öwüşgin çaýdy.
Soňky habarlar
Arhiw
Aşgabatda türkmen atly jigitleriniň garşylanyş dabarasy boldy
02:5130.05.2018
0
13622
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň