Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi

18:3421.05.2018
0
5374

Aşgabatda Köpetdagyň eteginden geçýän şaýoluň ugry bilen ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň, talyp ýaşlaryň, köp sanly sagdyn–durmuş ýörelgesine tarapdarlaryň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Milli Liderimiziň göreldesinden ruhlanan adamlar döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzda sport hereketini ösdürmek boýunça öňe sürýän ýörelgelerini we başlangyçlaryny goldaýarlar.
Türkmenistanda ýaşlaryň arasynda bolşy ýaly, ýaşuly nesliň arasynda hem welosiped sportuna höwesekleriň sany yzygiderli artýar. Ýurdumyzyň ilaty welosiped sportuny uly höwes bilen özleşdirýär we onuň derejesine ýokary baha berýär. Welosport saglyk hereketlerini amala aşyrmak, sport bilen meşgullanmak üçin bolşy ýaly, ol amatly hem-de ekologiýa taýdan arassa ulag hasaplanýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň saglygy we abadançylygy, berk bedenli we belent ruhly ýaşlary terbiýelemek baradaky aladany döwlet ähmiýetli wezipe hökmünde kesgitlän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň hem-de ýokary netijeli sportuň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär we oňa uzak möhletleýin umumymilli strategiýa hökmünde garaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň