Soňky habarlar

Arhiw

"Ahal" AFK-nyň kubogy — 2018-iň toparçadky jemleňji duşuşygynyň bosagasynda "Köpetdagy" bir gol bilen ýeňdi

23:5411.05.2018
0
7549

AFK-nyň kubogy — 2018-iň "D" toparçasynyň jemleňji duşuşygyna ruhubelent gitmek üçin "Ahal" futbol toparynyň futbolçylarynda sebäp döredi. Olar Ýokary liganyň 10-njy tapgyrynda Içeri işler ministrliginiň "Köpetdag" futbol toparyny 1:0 hasaby bilen ýeňip, utugyny 14-e çykardylar we ýaryş tertibinde ikinji orna çykdylar.

Iki toparyň arasyndaky birinji aýlawda geçirilen duşuşykda tapawutlanmak garşydaşlaryň hiç birine-de başartmandy. Bu gezek bolsa oýnuň ykbalyny Güýçmyrat Annagulyýewiň 42-nji minutda geçiren goly kesgitledi.

"Ahalyň" öňünde indi AFK-daky şu ýylyň jemi boňunça iň soňky duşuşyk bar. Yzda galan 5 tapgyrda 4 utuk toplan bilen "Ahal" toparçadan çykmak mümkinçiligini ýitirdi. Jemleňji duşuşykda utulaňanda hem Röwşen Meredowyň şägirtleri üçünji orunda galar.

Tapgyryň beýleki duşuşygynda "Energetik" "Aşgabady" 2:1 hasabynda ýeňdi. Duşuşygyň 36-njy minudynda hasaby açan ýer eýeleriniň futbolçysy Rahmet Şermetow möwsümde geçiren gollarynyň sany boýunça öňdebaryjylar bilen deňleşdi.

“Energetik” – “Aşgabat” – 2:1

Gollar: Rahmet Şermetow 36, Parahat Jumanazarow 43 (“Energetik”) – Baýjan Satlykow 90+2 (“Aşgabat”)

Duýduryşlar: Parahat Jumanazarow 57, Sahupnazar Durdyýew 83 (“Energetik”) – Elýas Akyýew 27, Ybraýym Mämmedow 43, Azadi Annadurdyýew 61, Nazar Baýramow 74, Azatberdi Tagandurdyýew 80 (“Aşgabat”)

Geçirilen ýeri: “Energetik” stadiony (Mary ş.)

Duşuşygyň emini: Ç.Gurbanow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: S.Ýaryýew (Türkmenabat ş.)

Tomaşaçy: 700

 

“Köpetdag” – “Ahal” – 0:1

Gol: Güýçmyrat Annagulyýew 42

Duýduryşlar: Maksat Myradow 51 (“Köpetdag”) – Myrat Annaýew 36, Yhlas Saparmämmedow 90+3 (“Ahal”)

Geçirilen ýeri: “Köpetdag” stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: A.Goşşanow (Tejen ş.)

Gözegçi emin: G.Öwezow (Aşgabat ş.)

Tomaşaçy: 350

Iň köp tapawutlanan futbolçylar:

Süleýman Muhadow ("Ahal"), Altymyrat Annadurdyýew ("Altyn asyr"), Begenç Annagurbanow ("Şagadam"), Rahmet Şermetow ("Energetik") — 4 gol.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň