Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen dzýudoçylary « Hohhot Grand Prix 2018» halkara ýaryşyna gatnaşarlar

12:0808.05.2018
0
10232

Türkmenistanly türgenler Gülbadam Babamuratowa (52 kg), Batyr Hojamuhammedow (100 kg), Tejen Tejenow (90 kg) we Aziza Nazarowa (48 kg) 25 — 27-nji maý aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Huh-Hoto şäherinde dzýodo boýunça geçiriljek «Hohhot Grand Prix 2018»  halkara ýaryşyna gatnaşarlar. Bu ýaryş dünýäniň 53 döwletinden 450-den gowrak türgeni özünde jemlär. Olaryň arasynda Belgiýa, Awstriýa, Kanada, Fransiýa, Germnaiýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Eýran ýaly köp sanly döwletleriň wekilleri bar.
Bu ýaryşa biziň ýurdumyzdan örän güýçli düzümiň gatnaşýandygyny nygtamak isleýäris. Türkmenistanyň at gazanan sport ussady Gülbadam Babamuratowa şu ýyl «Agadir Grand Prix 2018» we «Tbilisi Grand Prix 2018» ýaryşlarynda hem ästünlikli çykyş edip, iki sany bürünç medala mynasyp boldy. Dünýäniň we Aziýanyň birnäçe gezek çempiony bolan zenan türgen 2014-nji we 2015-nji ýyllaryň jemleri boýunça «Türkmenistanyň iň gowy türgeni» diýlip yglan edildi.
Biziň ýygyndymyzyň ýene-de bir güýçli wekili Batyr Hojamuhammedowyň hem Marokkanyň Agadir şäherinde geçirilen halkara ýaryşda üçünji orna mynasyp bolandygyny ýatladýarys. Mundan başga-da, ol  öz agram derejesinde Türkmenistanyň sekiz gezek çempiony we 2015-nji ýylda Bangkok şäherinde geçirilen Ýetginjekleriň Aziýa çempionatynyň kümüş medalynyň eýesidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň