Essam Al-Suhabini «FIFA-nyň «Forward» programmasynyň üsti bilen Türkmenistanda futbolyň ösüşine goşant goşup bileris»

22:3807.05.2018
0
6266

7-nji maýda FIFA-nyň (Futbol assosiasiýalarynyň halkara federasiýasy) sebit merkeziniň hünärmeni Essam Al-Subhaniniň Aşgabat şäherine iki günlük sapary başlandy. Birnäçe ýyllap Saud Arabystanynyň iň ýokary futbol ligasynda işlän hünärmen soňky 5 ýylyň dowamynda Aziýanyň futbol konfederasiýasynda işledi. Ol geçen ýylyň sentýabr aýyndan bäri bolsa FIFA-nyň Dubaý şäherindäki (BAE) sebitleýin dolandyryş edarasynda Merkezi we Günbatar Aziýa döwletleri boýunça wekili bolup işleýär.
— Meniň Türkmenistana saparymyň esasy maksady — ýerli Futbol federasiýasynyň hünärmenlerine FIFA-nyň «Forward» programmasy barada gürrüň bermek hem-de bu programmanyň üsti bilen Türkmenistanda futboly mundan beýläk hem ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat — diýip, myhman Turkmenportalyň habarçysyna gürrüň berdi.
— «Forward» programmasy barada biziň okyjylarymyza hem maglumat beräýseňiz.
— «Forward» programasynyň işine 2016-njy ýylda Janni Infantinonyň FIFA-nyň prezidenti wezipesine saýlanylmagyndan soň badalga berildi. Ol dört ýyllyk maksatnamalary öz içine alýar we her dört ýyldan täzelenip durýar. Programmanyň esasy maksady milli futbol assosiasiýalaryna futboly ösdürmek boýunça kömek bermek.
— Programma çagalar we zenanlar futbolyny ösdürmek boýunça wezipeleri hem öz içine alýan bolsa gerek. Siziň pikiriňizçe, bu programma laýyklykda, Türkmenistanda nähili işleri durmuşa geçirip bolar?
— Biz bu babatda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň wekilleri bilen gürrüňdeş bolduk. Ilkinji ädim hökmünde maňa türkemn futboly bilen has ýakyndan tanyşmak gerek. Munuň üçin jogapkär işgärler bilen duşuşyklary geçirmeli. Şolara-da görä-de, Türkmenistanda futboly has-da ösdürmek boýunça wezipeleri anyk kesgitläp bolar.
— Bu programmanyň üsti bilen FIFA Türkmenistanda futbolyň ösdürilmegine nähili goldaw berip biler.
— Mysal üçin, olar maddy goldawdan başlap biler. Men Türkmenistanda amala aşyrylmaly anyk wezipeleri kesgitläp, olary «Forwarda» görä çözmegiň ýollaryny öwrenmek üçin siziň ýurduňyza geldim. Biz bilelikde işleşip, türkmen futbolynyň şöhratly taryhyny nurana geljek bilen birleşdirip bileris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň