Soňky habarlar

Arhiw

25-nji martda geçirilen saýlawlaryň gutarnykly jemi jemlendi

16:5828.03.2018
0
13660

28-nji martda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisi boldy. Onda Mejlisiň VI çagyrylyşynyň deputatlarynyň, welaýat, etrap, halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň agzalarynyň ählihalk saýlawlarynyň gutarnykly jemi jemlenildi.
Mejlisiň gün tertibine geçmek bilen, onuň dowamynda saýlawlaryň gutarnykly netijeleri yglan edildi. Welaýatlaryň we paýtagtymyzyň saýlaw toparlarynyň teswirnamalarynyň jemleýji maglumatlaryna laýyklykda, tutuş ýurdumyz boýunça 284 dalaşgärden Türkmenistanyň Mejlisiniň täze çagyrylyşynyň deputatlygyna 125 deputat saýlandy. 3 müň 59 dalaşgärden welaýatlaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna 240-sy we etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna 1200 raýat saýlanyldy. Geňeşleriň agzalygyna dalaşgärleriň 13 müň 215-sinden 5 müň 900 agza saýlandy. Ähli saýlaw uçastoklarynda bir orna iki we ondan-da köp raýat dalaş etdi.
Deputatlaryň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalygyna Demokratik partiýadan 3257, Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan 352, Agrar partiýadan 1358, raýatlar toparyndan bolsa 2498 adam saýlanyldy.
Merkezi saýlaw toparynyň mejlisinde Mejlisiň deputatlygyna, şeýle hem halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalygyna saýlananlaryň sanawy tassyklandy. Hereket edýän milli kanunçylygyň kadalaryna laýyklykda, olar baradaky maglumatlar ýakyn günlerde metbugatda çap ediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň