Soňky habarlar

Arhiw

Watan goragçylaryna döwlet sylaglaryny gowşurmak we täze kitabyň neşir edilmegi mynasybetli dabara geçirildi

03:2904.03.2018
0
8912

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Serkerdeler öýünde Watan goragçylaryna döwlet sylaglaryny gowşurmak hem-de milli Liderimiziň köpugurly işine bagyşlanan “Arkadag taglymaty – sagdynlygyň, ruhubelentligiň binýady” atly täze kitabyň neşir edilmegi mynasybetli dabara geçirildi.

Dabara harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary we işgärleri, harby ýokary we orta okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, şeýle hem medeniýet işgärleri, tanymal şahyrlar, iri jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri hem-de beýleki hormatly myhmanlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary goranmak ministri, general-polkownik Ý.Berdiýew harby gullukçylara bitarap Türkmenistanyň garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny, goranyş ukyplylygyny berkitmäge, howpsuzlygyň, kanunylygyň we düzgün-tertibiň üpjün edilmegine goşant şahsy goşantlary üçin döwlet sylaglaryny dabaraly ýagdaýda gowşurýar.

Dabaraly çäreler Serkerdeler öýüniň mejlisler zalynyň sahnasynda ýaýbaňlanan köpöwüşginli sport-teatr tomaşalaryna öz ornuny berdi, oňa belli artistler we aýdymçylar, medeniýet işgärleri, “Ýüpek ýoly” hormat garawuly batalonynyň “Göreldeli” harby orkestri, belli tans toparlary, türgenler gatnaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň