Soňky habarlar

Arhiw

"Ahal" ýagy Eýrana we Hytaýa eksport edilýär

16:0827.02.2018
0
17076

"Ahal" ösümlik ýagy Eýrana we Hytaýa eksport edilýär. Kärhana 2010-njy ýylyň maý aýynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda açyldy. Häzirki wagtda bu ýerde 300-de gowrak hünärmen zähmet çekýär. Iş bolsa birbada birnäçe çalşykda alnyp barylýar. Kärhanada öndürilýän ýag diňe bir Ahal welaýatynyň çäklerini üpjün etmän, eýsem, ýurduň beýleki welaýatlaryna hem yzygiderli ugradylýar.

Kärhanada iki sany ammar bar, olaryň hersi 10 müň tonna gaýtadan işelenen pagtany saklap bilýär. Kärhanada bir günde 40-50 tonna ýag öndürilýär. Bu ýerde mallar üçin ýokumly iýmitleriň hem her günde birnäçe tonnasy öndürilýär.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň