Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik banky we “Senagat” paýdarlar täjirçilik banky Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň ugrunda bu Banklaryň edara binalarynyň taslamasyny düzmek we ony kompýuter, mebel hem-de beýleki zerur tehniki enjamlar we serişdeler bilen doly enjamlaşdyryp, ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Buig Batiman Internasional” fransuz kompaniýasy bilen şertnama baglaşar;
Gurluşyk işlerine 2018-nji ýylyň mart aýynda başlamak we binalary 2019-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.
***
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäheriniň Köpetdag şaýolunyň ugrunda Hökümet münberiniň binasynyň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Buig Batiman Internasional” fransuz kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
Gurluşyk işlerine 2018-nji ýylyň sentýabr aýynda başlamak we binany 2020-nji ýylyň awgust aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.
***
Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş Müdirligine Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň ugrunda Türkmenistanyň Halkara maslahatlar merkeziniň binalar toplumynyň taslamasyny düzmek we ony häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edip, ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Buig Batiman Internasional” fransuz kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
Gurluşyk işlerine 2018-nji ýylyň mart aýynda başlamak we binalar toplumyny 2020-nji ýylyň mart aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.
***
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň ugrunda kaşaň myhmanhananyň taslamasyny düzmek we ony häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edip, ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Buig Batiman Internasional” fransuz kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
Gurluşyk işlerine 2018-nji ýylyň sentýabr aýynda başlamak we binany 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.