Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan we Beýik Britaniýa hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldýär

15:1223.01.2018
0
11154

Türkmenistanyň Pre­zi­den­ti­ Gurbanguly Berdimuhamedowyň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň we­ki­li­ýe­ti iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek, däp bo­lan hyz­mat­daş­lar bi­len öza­ra gat­na­şyk­la­ryň tä­ze usul­la­ry­ny göz­le­mek hem-de gel­je­gi uly türk­men ba­za­ry­na çyk­ma­ga ça­lyş­ýan kom­pa­ni­ýa­lar bi­len işe­wür gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­mak mak­sa­dy bi­len, Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň paý­tag­ty­na iş sa­pa­ry­ny ama­la aşyr­dy.

Türk­men-bri­tan söw­da-se­na­gat ge­ňe­şi­niň al­tyn­jy mej­li­si­niň bar­şyn­da bu me­se­le­le­re jik­me-jik ga­ral­dy. Mej­lis iki ýur­duň hö­kü­met­le­ri ta­ra­pyn­dan gu­ral­dy hem-de şu sa­pa­ryň esa­sy wa­ka­sy­na öw­rül­di. Bi­ziň ýur­du­myz­dan du­şu­şy­ga ma­li­ýe-yk­dy­sa­dy ul­ga­myň, Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň, dür­li mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak eda­ra­la­ry­nyň we­kil­le­ri hem-de Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­la­ry gat­naş­dy­lar.

Du­şu­şy­gy Ge­ňe­şiň baş­ly­gy, il­çi Ro­nald Neş aç­dy, ol soň­ky ýyl­lar­da äş­gär du­ýul­ýan hyz­mat­daş­ly­gyň ok­gun­ly ösü­şi­ni ka­na­gat­lan­mak bi­len bel­läp, türk­men Li­de­ri­niň köp­ýyl­lyk türk­men-bri­tan gat­na­şyk­la­ry­ny hem­me­ta­rap­la­ýyn çuň­laş­dyr­mak­da­ky or­nu­ny aý­ra­tyn bel­le­di.

Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň adyn­dan Ýew­ro­pa­nyň we Ame­ri­ka­nyň iş­le­ri bo­ýun­ça mi­nist­ri Alan Dun­kan gut­lag sö­zi bi­len çy­kyş et­di. Ol çy­ky­şyn­da döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň we işe­wür hyz­mat­daş­ly­gyň ýag­da­ýy­na gys­ga­ça syn ber­di. Bri­ta­ni­ýa­nyň işe­wür to­par­la­ry, “Shell” we “BP” ýa­ly meş­hur kom­pa­ni­ýa­la­ryň, awia­si­ýa, gä­mi­ler üçin en­jam­la­ry we elekt­rik en­jam­la­ry­ny ön­dür­ýän “Rolls Roy­se”, gym­mat ba­ha­ly ka­gyz­la­ry we bank en­jam­la­ry­ny ön­dür­ýän “De La Rue”, elekt­roe­ner­ge­ti­ka ug­run­da iş­le­ýän “Agg­re­ko” kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň, şeý­le hem Ýew­ro­pa­da ab­raý­ly ma­ýa go­ýum ba­za­ry bo­lan Lon­do­nyň gaz­na bir­ža­sy­nyň (Lon­don Stock Exchan­ge, LSE) önüm­le­ri­ni we hyz­mat­la­ry­ny hö­dür­le­di­ler. Olar öz­le­ri­niň ta­nyş­dy­ryş çä­re­le­rin­de dür­li ul­gam­lar­da ne­ti­je­li çöz­güt­le­ri hem-de iş­läp taý­ýar­la­ma­la­ry, önüm­le­ri we hyz­mat­la­ry, öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­lyk üçin müm­kin­çi­lik­le­ri hö­dür­le­di­ler.

Türk­me­nis­ta­nyň we­kil­le­ri, öz no­ba­tyn­da, Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň işe­wür bi­le­le­şi­gi­ni Türkmenistanyň Pre­zi­den­ti­ Gurbanguly Berdimuhamedowyň yk­dy­sa­dy sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry, mil­li Li­de­ri­mi­ziň ýol­baş­çy­ly­gyn­da ýur­du­myz­da bo­lup geç­ýän çuň­ňur öz­gert­me­ler hem-de se­na­gat pu­da­gy­nyň di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dü­ri­li­şi, dür­li pu­dak­la­ryň ösüş dep­gi­ni we je­mi içer­ki önü­miň ösü­şi bi­len ta­nyş­dyr­dy­lar. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Türk­me­nis­tan bi­len Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­lyk yzy­gi­der­li ös­dü­ril­ýär, giň gel­je­gi we tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýan öza­ra gat­na­şyk­la­ry­my­zyň ul­gam­la­ry gi­ňel­dil­ýär. Ýan­gyç-ener­ge­ti­ka, söw­da-yk­dy­sa­dy we bank ul­gam­la­ry, ulag-ara­gat­na­şyk pu­da­gy, oba ho­ja­ly­gy, bi­lim ul­ga­my öza­ra gat­na­şyk­la­ryň esa­sy ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da gör­ke­zil­di.

Şun­da ta­rap­lar bi­ziň döw­let­le­ri­mi­ziň ara­syn­da­ky ha­ryt do­la­ny­şy­gy­nyň möç­ber­le­ri­ni ep-es­li art­dyr­mak üçin uly kuw­wa­tyň bar­dy­gy­ny nyg­ta­dy­lar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, tä­ze pi­kir­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­mak hem-de hyz­mat­daş­ly­gyň ne­ti­je­li gu­ral­la­ry­ny iş­läp taý­ýar­la­mak üçin amat­ly hem-de ne­ti­je­li meý­dan­ça hök­mün­de çy­kyş ed­ýän Türk­men-Bri­tan söw­da-se­na­gat ge­ňe­şi­ne mö­hüm orun de­giş­li­dir.

Ne­bit­gaz top­lu­my se­na­gat önüm­çi­li­gi­niň beý­le­ki pu­dak­la­ry­nyň ös­me­gi­ne kuw­wat­ly iter­gi ber­ýär. Onuň esa­syn­da ýur­du­myz­da elekt­roe­ner­ge­ti­ka, ne­bit­hi­mi­ýa, mi­ne­ral dö­kün­le­ri­ni ön­dür­mek, in­že­ner we ulag dü­züm­le­ri ýa­ly pu­dak­lar ös­dü­ril­ýär.

Te­bi­gy ga­zyň da­şa­ry ýurt­la­ra ibe­ril­ýän ugur­la­ry­ny di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­mek, öň­kü­si ýa­ly, mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ener­ge­ti­ka stra­te­gi­ýa­sy­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri bol­ma­gyn­da gal­ýar. Hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan — Hin­dis­tan ug­ry bo­ýun­ça gaz ge­çi­ri­ji­ni gur­mak ba­ra­da­ky tas­la­ma dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär, türk­men ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ni gün­ba­tar ug­ra iber­me­giň müm­kin­çi­lik­le­ri­ne ga­ral­ýar.

Ma­li­ýe ul­ga­myn­da gym­mat ba­ha­ly ka­gyz­la­ryň ba­za­ry­ny ös­dür­mä­ge, bank we býu­jet ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mä­ge gö­nük­di­ri­len öz­gert­me­ler du­şu­şy­gyň esa­sy me­se­le­le­riniň bi­ri bol­dy. Bu ugur Türk­me­nis­ta­nyň we Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň ugur­daş dü­züm­le­ri­niň ara­syn­da ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ryň esa­sy ul­gam­la­ry­nyň bi­ri bo­lup bi­ler. Bi­ziň ýur­du­myz Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň äti­ýaç­lan­dy­ryş kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň we bro­ker­le­riň kö­pü­si bi­len ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk ed­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hyz­mat­daş­ly­gyň tä­ze tap­gy­ry­na çyk­mak üçin äh­li müm­kin­çi­lik­ler bar.

Türk­me­nis­ta­nyň çä­gin­de iň­lis ma­ýa­sy­nyň gat­naş­ma­gyn­da 28 sa­ny kär­ha­na hem-de bri­tan kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da umu­my ba­ha­sy ABŞ-nyň 1,5 mil­liard dol­la­ryn­dan gow­rak ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry­nyň 174-si ha­sa­ba alyn­dy.

Yk­dy­sa­dy­ýe­ti döw­re­bap­laş­dyr­mak bo­ýun­ça ýur­du­my­zyň se­çip alan ug­ry da­şa­ry ýurt­lar bi­len öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gyň gi­ňel­dil­me­gi­ni şert­len­dir­di. Özi-de öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry hem-de ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly en­jam­la­ry or­naş­dyr­ma­ga, ma­ýa go­ýum önüm­çi­lik­le­ri­ni gur­ma­ga aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Bu ba­bat­da bri­tan kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ägirt uly tej­ri­be­si Türk­me­nis­tan­da iş ýü­zün­de ula­ny­lyp bil­ner.

Türk­men-Bri­tan söw­da-se­na­gat ge­ňe­şi­niň şu mej­li­si hä­zir­ki hyz­mat­daş­ly­gy­nyň çäk­le­ri­ni gi­ňelt­mä­ge, iki hal­kyň aba­dan­çy­ly­gy­nyň bäh­bi­di­ne iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň kö­pu­gur­ly kuw­wa­tyn­dan ne­ti­je­li peý­da­lan­ma­gyň ýo­lun­da tä­ze ädim­le­ri bel­le­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­di. Ýan­gyç ener­ge­ti­ka­sy, söw­da we yk­dy­sa­dy­ýet, bank ul­ga­my, ulag, ara­gat­na­şyk we te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa, bi­lim, sport we sy­ýa­hat­çy­lyk ýa­ly ul­gam­lar­da ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­me­giň müm­kin­çi­lik­le­ri kes­git­le­nil­di.

Şeý­le hem iş sa­pa­ry­nyň bar­şyn­da türk­men we­ki­li­ýe­ti­niň ag­za­la­ry döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça iki­ta­rap­la­ýyn du­şu­şyk­la­ryň we gep­le­şik­le­riň bir­nä­çe­si­ni ge­çi­rip, dür­li ulgamlarda öza­ra gat­na­şyk­la­ryň ugur­la­ry­ny anyk­laş­dyr­dy­lar. Bi­ziň ýur­du­my­zyň we­kil­le­ri Lon­do­nyň gaz­na bir­ža­sy­na ba­ryp gör­dü­ler, şol ýer­de onuň işi­ni gu­ra­ma­gyň we do­lan­dyr­ma­gyň usul­la­ry bi­len ta­nyş­dy­lar.

Dü­zü­mi­ne bi­lim ul­ga­my­nyň, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň we­kil­le­ri hem gi­ren bi­ziň we­ki­li­ýe­ti­mi­ziň Be­ýik Bri­ta­ni­ýa sa­pa­ry ýe­ne-de bir mö­hüm wa­ka bes­len­di. Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li bi­lim ins­ti­tu­ty­nyň hem-de Kemb­rij uni­wer­si­te­ti­niň bö­lüm­le­ri­niň (“Camb­rid­ge Eng­lish Lan­gua­ge As­sess­ment” — iň­lis di­li bo­ýun­ça sy­nag ge­ňe­şi hem-de “Camb­rid­ge Univer­si­ty Press” ne­şir­ýa­ty) ara­syn­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da­ky äht­na­ma gol çe­kil­di.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň okat­ma­gyň mil­li ul­ga­myn­da we hü­när taý­ýar­ly­gyn­da, ýur­du­myz­da ýo­ka­ry hü­när­li hü­när­men­le­riň nes­li­ni ke­ma­la ge­tir­mek­de dil ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mä­ge we ýo­kar­lan­dyr­ma­ga ägirt uly üns ber­ýän­di­gi­ni na­za­ra al­mak bi­len, bu res­mi­na­ma Türk­me­nis­tan bi­len Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň ara­syn­da­ky bi­lim ul­ga­myn­da­ky uzak ­möh­let­li gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mä­ge tä­ze iter­gi ber­mä­ge ýar­dam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň