Top.Mail.Ru

Arhiw

Žilkin Astrahan oblastynda gurulýan orta mekdep üçin Türkmenistanyň Baştutanyna hoşallyk bildirdi

23:5723.12.2017
0
5520

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Aleksandr Žilkiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Wagt tapyp söhbetdeş bolmaga mümkinçiligiň döredilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirmek bilen, Aleksandr Žilkin milli Liderimizi ýetip gelýän Täze ýyl, şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň durnukly ulag boýunça Rezolýusiýasynyň kabul edilmegi bilen mähirli gutlap, ähli türkmen halkyna parahatçylyk, bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw etdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz nobatynda gutlaglar we mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Aleksandr Žilkini ýetip gelýän Täze, 2018-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de oňa berk jan saglygyny, egsilmez gujur-gaýrat we işde täze üstünlikleri arzuw etdi. Döwlet Baştutanymyz Astrahan oblasty bilen däbe öwrülen dostlukly we netijeli gatnaşyklaryň özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarynda täze ösüşe eýe bolýandygyny, şunda Russiýanyň sebitleri we esasy senagat, bilim we medeni merkezleri bilen göni, netijeli gatnaşyklary giňeltmegiň ähmiýetini belledi.

Bellenilişi ýaly, harytlaryň özara dolanyşygyny giňeltmek, syýahatçylygy ösdürmek, şol sanda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny çekmek, mysal üçin, iri syýahatçylyk guramalarynyň kömegi bilen ösdürmek babatda taraplaryň ikisinde hem umumy maksatlar bar.

Ynsanperwer gatnaşyklary, şol sanda bilim ulgamynda gatnaşyklary giňeltmek, deňizçilik pudagy üçin işgärleri taýýarlamak meselelerine aýratyn üns berildi. Aleksandr Žilkin türkmen tarapynyň Astrahan oblastynyň Priwolžskiý raýonynyň Funtowo obasynda 240 orunlyk mekdebi gurup berendigi üçin çuňňur hoşallygyny beýan etdi. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu taslamanyň başyny başlady.

Bu okuw mekdebi Türkmenistanyň Astrahan oblasynyň 300 ýyllygyna sowgady bolar hem-de beýik türkmen şahyry, dünýä edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň adyny göterer. Täze okuw mekdebiniň açylyş dabarasynyň geçiriljek senesi diplomatik ugurlar boýunça ylalaşylar.

Türkmenistanyň maliýeleşdiren bu durmuş maksatly taslamasy biziň halklarymyzyň özara gatnaşyklarynda täze tapgyryň başlangyjyna öwrülip, olaryň ruhy taýdan ýakynlaşmagy we gatnaşmagy üçin, täze ynsanperwer gatnaşyklary we bilelikdäki asylly işler üçin ýol açar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Aleksandr Žilkin Türkmenistanyň we Astrahan oblastynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge we has-da ilerletmäge taýýardyklaryny ýene-de bir gezek bellediler.

Milli Liderimiz pursatdan peýdalanyp, Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylaryna ýetip gelýän Täze ýyl mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de jan saglyk, abadançylyk we üstünlikler, dostlukly ýurduň halkyna bolsa mundan beýläk-de gülläp ösmegi arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň