Türkmenistanly eminler AFK-nyň saýlama tapgyrynda eminlik eder

17:1022.12.2017
0
5632

Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň kubogy ugrundaky ýaryşyň “Günorta Aziýa zolagynda” geçiriljek saýlama tapgyrynda türkmen eminler topary eminlik eder.

Halkara derejeli eminlerimiz Çarymyrat Gurbanow, Pälwan Pälwanow, Ahmet Begnazarow hem-de ätiýaçdaky emin Alibek Sapaýew “Günorta Aziýa” zolagynyň saýlama tapgyrynyň çäginde Bangladeşiň çempionatyndan wekilçilik etjek toparyň hem-de Maldiw adalarynyň “TC Sports” toparynyň arasyndaky jogap duşuşygynda eminlik ederler. Eminlerimiziň eminlik etjek duşuşygy 2018-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda Maldiw adalarynyň Male şäherinde geçiriler. AFK kubogynyň saýlama tapgyrynyň çäginde bu iki toparyň arasyndaky birinji duşuşyk 23-nji ýanwarda Bangladeşde geçiriler. 40 ýaşly halkara derejeli eminimiz Çarymyrat Gurbanowyň halkara derejeli ýaryşlarda 2003-nji ýyldan bäri eminlik edip gelýändigini ýatladýarys.

Bangladeşiň ikinji wekiliniň hem-de “TC Sports” toparynyň ýeňijisi toparçalaýyn bäsleşikde çykyş etmäge mümkinçilik berýän pleý-off oýnuna gatnaşmaga mümkinçilik alar. “Günorta Aziýa” zolagynyň ikinji saýlama tapgyrynda Butanyň “Transport United” hem-de Hindistanyň “Bengaluru” toparlary duşuşarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň