Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan älem giňişligine ikinji emeli hemrany uçurar

10:4322.12.2017
0
20304

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow oktýabr aýynda geçiren Ýaşulularyň maslahatynda eden çykyşynda ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň dürli pudaklarynda öňdebaryjy kosmos tehnologiýalaryny peýdalanmagy has-da giňeltmegi ýakyn döwür üçin esasy wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Döwlet Baştutanymyzyň çözgüdi boýunça 2018—2024-nji ýyllarda ýurdumyzyň kosmos ulgamyny ösdürmäge hem-de onuň işini kämilleşdirmäge 1 milliard 300 million manat möçberinde maýa goýumlary gönükdiriler.

Bu serişdelere ýeri aralykdan zondlaşdyrmak üçin niýetlenen nobatdaky emele hemrany gurmak hem-de älem giňişligine çykarmak göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, bu pudagyň ýerüsti düzümini, işgärleri taýýarlamagy, bu ugurda ylmy işleri artdyrmak wezipesi durýar.

Garaşylyşy ýaly, täze emeli hemra milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň ösüşini çaltlandyrmak maksadynda ulanylar. Ýeri uzak aralykdan zondlaşdyrmak boýunça kosmos enjamy halk hojalygynda peýdalanmak nukdaýnazaryndan geljegi uly hasaplanýar. Mundan başga-da, ol barmasy kyn, tizlikli we beýleki desgalar barada maglumatlary almaga, şeýle hem belli bir ýeriň giň böleklerinde gözegçiligi geçirmäge mümkinçilik berýär.

Şeýle hem uzak aralykdan zondlaşdyrmak Ýer üstünden maglumatlary ýygnamagyň gymmat düşýän we haýal usullarynyň ýerini tutýar. Mysal üçin, energetikada elektrik geçiriji ulgamlaryň we transformator beketleriniň elektron kartlaryny döretmek, alnan maglumatlary ýygnamak, işlemek we saklamak, desgalaryň tehniki ýagdaýyna gözegçilik etmek mümkin bolýar.

Uzak aralykdan zondlaşdyrmak nebit ýataklaryna, turba geçiriji ugurlara we nebiti gaýtadan işleýän zawodlara ekologiýa-hukuk gözegçiligini geçirmäge mümkinçilik berýär, şol sanda nebitiň dökülýän möçberini kesgitleýär, gazylyp alynýan tebigy serişdeleri çykarýan kompaniýalaryň işine gözegçilik edýär. Şeýle hem ol geoylymlary (mysal üçin, tebigatdan peýdalanmak) ulgamynda, oba hojalygynda (tebigy serişdeleri peýdalanmak we saklamak) amaly ähmiýete eýe bolup durýar.

Hemranyň kömegi bilen aýry-aýry sebitleriň şekilini belli bir tapgyrlaýyn almaga, sürüm meýdanlaryny, şeýle hem öri meýdanlary kesgitlemäge, ýerleriň ýagdaýy barada gymmatly maglumatlary almaga mümkinçilik döreýär. Hususan-da, kosmos enjamy arkaly oba hojalyk işgärleri ýerine ýetirilen oba hojalyk işleriniň meýdanlaryna, ösümlikleriň haýal ösýän ýerlerine gözegçilik etmäge, dökünleri ulanmaga bolan islegi, ýetişmek derejesini öwrenmäge, hasyllylygy çaklamaga mümkinçilik alýarlar. Bu maglumatlar fermer hojalygyny hem-de tehniki amallary giňişlikde dolandyrmak üçin ulanylyp bilner.

Hemra üsti bilen alynan şekiller gurulýan täze desgalarda işleriň barşyna, ulag düzüminiň täze ýollaryny çekmek hem-de bar bolan ýollaryň durkuny täzelemek işlerine, diňe gury ýerde däl-de, eýsem Hazaryň deňiz ýalpaklygynda ekologiýa ýagdaýyna gözegçiligiň netijeliligini ençeme esse artdyrar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň