Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň hökümeti bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi

23:4820.12.2017
0
5236

Paýtagtymyzda Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň nobatdaky ikinji mejlisi geçirildi, oňa bu ýurduň daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýanyň ýolbaşçylygyndaky BAE-niň wekilçilikli topary gatnaşýar.

Duşuşygyň gün tertibine 2012-nji ýylyň noýabr aýynda Abu-Dabi şäherinde Komitetiň birinji mejlisiniň barşynda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylan işleriň netijeleri, şeýle hem söwda-ykdysady pudagy, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, bank-maliýe ulgamlary, şeýle hem medeni-ynsanperwer ýaly möhüm ugurlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleri girizildi.

Ozal habar berlişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BAE-niň wekiliýeti bilen duşuşygy mahalynda dostlukly ýurduň daşary syýasat edarasynyň baştutany şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýan öz ýurdunyň işewürler toparlarynyň maýa goýum ulgamynda has giň hyzmatdaşlyga, hususan-da, ýangyç-energetika we elektroenergetika toplumlarynda, awtomobil we demirýol gurluşygy ulgamynda, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyna we beýlekilere gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdi.

BAE-niň işewürler toparlarynyň biziň ýurdumyza gyzyklanmalarynyň artmagy häzirki wagtda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dünýäde iň çalt ösýän ykdysadyýetleriň biri bolup durýandygy bilen şertlendirilendir, bu ýagdaý Halkara pul gaznasy ýaly abraýly maliýe düzümleri tarapyndan tassyklanylýar. Ýurdumyzyň dünýä syýasy giňişliginde hem täsiri güýçlenýär, ýurdumyz ählumumy meseleleriň çözgüdinde hem täsirli orun eýeleýär. Bilimleri we tehnologiýalary, ylmy-tehniki täzeçillikleri alyşmak, maýa goýum hyzmatdaşlygy gatnaşyklaryň möhüm ugurlarydyr.

Häzirki wagtda ägirt uly serişde mümkinçiliklerine eýe bolan Türkmenistanda senagat pudagy düýpli özgerdilýär, täze pudaklar döredilýär, senagatlaşmak we şäherleşmek işleri tizleşdirilýär, munuň özi köp babatda içerki sarp edilişi höweslendirýär, giň eksport mümkinçiliklerini açýar.

Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça ýokarda agzalan komitetiň mejlisiniň barşynda tebigy gazy gaýtadan işlemek, “mawy ýangyçdan” taýýar önümleri almak we ony dünýä bazarlaryna ugratmak ulgamyndaky gatnaşyklaryň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Özara peýdaly tagallalary utgaşdyrmak üçin bu ugurda ägirt uly mümkinçilikler bar.

Häzirki wagtda bu aýratyn möhümdir. Sebit we dünýä bazarlarynyň häzirki wagtda isleg bildirýän hem-de gazhimiýa önümlerine çaklanylýan isleglerini seljermegiň esasynda gaz we nebithimiýa pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň Maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy, ol ýakyn geljek on ýyla niýetlenendir. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan eýýäm bu ulgamda iri möçberli taslamalaryň birnäçesini durmuşa geçirýär.

Mysal üçin, Ahal welaýatynda, Owadandepede tebigy gazdan benziniň önümçiligi boýunça zawod gurulýar. Iň täze enjamlar bilen abzallaşdyrylan kärhana her ýylda A-92 kysymly benziniň 600 müň tonnasyny öndürer, ol Euro-5 ölçegiň iň ýokary ekologiýa talaplaryna laýyk gelýär. Şeýle hem bu ýerde 12 müň tonna dizel ýangyjyny hem-de 115 müň tonna suwuklandyrylan gazy öndürmek göz öňünde tutulýar.

Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde polietileniň we polipropileniň önümçiligi boýunça gazhimiýa toplumy gurulýar. Bu taslama «TOYO Engineering» (Ýaponiýa) we «LG International Corporation» we «Hyundai Engineering Corp. Ltd» (Koreýa Respublikasy) kompaniýalarynyň konsorsiumy bilen bilelikde amala aşyrylýar. Onuň umumy bahasy ABŞ-nyň 3,4 milliard dollaryna golaýdyr. Kärhanany 2018 –nji ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.

Mundan başga-da, Gyýanlyda ýylda pes dykyzly polietileniň 200 müň tonnasyny, polipropileniň 390 müň tonnasyny, poliwinilhloridiň 100 müň tonnasyny, suwuk gazyň 10 müň tonnasyny, kaustiki sodanyň 82 müň tonnasyny hem-de duz kislotasynyň 10 müň tonnasyny öndürmäge niýetlenen gazhimiýa toplumyny gurmak meýilleşdirilýär. Şeýle hem ýylda 1,5 milliard kub metr tebigy gaz we 117 müň tonna tehniki duz gaýtadan işleniler. Öz nobatynda polimer önümlerine hem dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýär, sebäbi onuň esasynda köp islegden peýdalanýan dürli görnüşli önümleri öndürmek mümkindir. Mysal üçin, sintetiki kauçugyň 75 göterime çenlisi awtomobil senagatynda peýdalanylýar.

Garabogaz şäherinde ýyllyk kuwwaty 1 million 155 müň tonna önüme deň karbomid zawody gurulýar.

Häzirki wagtda şeýle hem Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň türkmen bölegini gurmak boýunça işler ýokary depginlerde alnyp barylýar. Arap maýadarlarynyň hem uly gyzyklanma bidirýän bu iri taslamanyň durmuşa geçirilmegi diňe bir gatnaşyjy döwletleriň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna däl-de, sebitiň beýleki ýurtlarynyň ösüşine hem oňyn täsirini ýetirer.

Bular ýurdumyzda durmuşa geçirilýän we geçirilmegi meýilleşdirilýän iri möçberli taslamalaryň diňe bir bölegidir, daşary ýurt maýa goýumlarynyň gelip gowuşmagy bolsa ýangyç-energetika we gazhimiýa pudaklaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga mümkinçilik berer, tutuşlygyna milli ykdysadyýetimiziň çalt depginler bilen ösdürilmegine ýardam eder.

Mundan başga-da, Türkmenistan kemala gelýän iri logistika merkezi, yklymyň ulag-üstaşyr geçelgeleriniň möhüm çatrygy hem-de serhetüsti söwda ýollarynyň möhüm ugry hökmünde daşary ýurtly maýa goýujylarynyň ünsüni özüne çekýär, bularyň ählisi maýalaryň çekilmegi üçin höweslendiriji şert bolup durýar. 

Şunuň bilen birlikde, Bilelikdäki komitetiň mejlisiniň barşynda Komitetiň çäklerinde ylym, bilim we medeniýet ugurlarynda hyzmatdaşlyk boýunça iş toparyny döretmek, onuň ilkinji mejlisini Aşgabatda geçirmek hakynda ylalaşyk gazanyldy. Syýahatçylyk, gidrometeorologiýa, seýsmologiýa, daşky gurşawy goramak ugurlary boýunça özara gatnaşyklaryň meseleleri hakynda pikir alyşmalar boldy.

Daşary işler ministrliginde geçirilen mejlisiň jemleri boýunça degişli Teswirnama we Türkmenistanyň hökümeti bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi.

Şeýle hem taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki komitetiň üçünji mejlisini 2018-nji ýylda Abu-Dabi şäherinde geçirmek hakynda ylalaşdylar.

Mejlisiň çäklerinde BAE-niň wekiliýetiniň agzalarynyň, Türkmenistanyň ministrlikleriniň we hususy düzümleriniň ýollbaşçylary hem-de wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary boldy. Olaryň dowamynda netijeli gatnaşyklaryň geljekki ugurlary kesgitlendi we olary ösdürmegiň geljekki meýilnamalary bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň