Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen türgeni Kristina Şermetowa agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň kümüş medalyna mynasyp boldy

10:5801.12.2017
0
14572

Türkmenistanyň Agyr atletika federasiýasynyň türgeni 24 ýaşly Kristina Şermetowa Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda geçirilýän dünýä çempionatynda kümüş medala mynasyp boldy. Şu gün, günüň birinji ýarymynda ýaryşlara gatnaşan türkmenistanly zenan türgen 53 kilograma çenli agram derejesindäki türgenleriň arasynda ýaryşyp, umumylykda 204 kilogram netije görkezdi. Ol birinji orna mynasyp bolan tailandly Sopita Tanasandan bary-ýogy 6 kilogramlyk netije bilen yza galdy. Dünýä çempionatynyň bürünç medalçysy — Filippin adalaryndan gatnaşýan türgen Hidilyn Diaz bolsa ýaryşy 199 kilogram bilen jemledi. Ýeri gelende aýtsak, bu türgen sentýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna hem gatnaşyp, kümüş medala mynasyp boldy. Aşgabat Aziadasynda bürünç medal gazanan K.Şermetowa bu gezek güýçli garşydaşyny yzda galdyrmagy başardy. Bu bolsa türkmenistanly agyr atletikaçynyň barha tejribe toplaýandygyndan habar berýär.

Kristina Şermetowa Altymyrat Orazdurdyýewden soň dünýä çempionatynda medal gazanan ikinji türkmen türgenidir. Ýeri gelende aýtsak, birnäçe halkara ýaryşlaryň ýeňijisi bolan türgen gyz dünýä çempionatyna ilkinji gezek gatnaşýar. Muňa garamazdan, ol görkezen netijesi bilen watandaşlarymyzy begendirmegi başardy. Ilkinji halkara synagyna 17 ýaşynda çykan türgen şol ýaryşda, ýagny ýaş agyr atletikaçylaryň 12-nji Aziýa çempionatynda 135 kilogram netije görkezipdi. Şondan bir ýyldan soň Ýetginjekleriň arasyndaky Aziýa çempionatyna gatnaşan türgen umumy netijäni 153 kilograma çenli ýetirip, öz agram derejesinde iň gowy 7-lige girdi. Ol halkara ýaryşlardaky ilkinji üstünliklerini hem şol ýyl — 2011-nji ýylda gazandy. Şol Aziýanyň toparlaýyn çempionatyna we Ýetginjekleriň arasyndaky toparlaryna çempionatyna gatnaşan K.Şermetowa bu ýaryşlaryň ilkinjisinde altyn, ikinjisinde kümüş medal gazandy. Onuň halkara tejribesinde 2012-nji ýylda hem yklym ýaryşlarynyň ikisi bar. Ýöne şol ýaryşlarda şikes alan zehinli türgen sporta dört-bäş ýyl arakesme bermeli boldy. Şu ýylyň aprel aýynda Aşgabatda geçirilen Aziýa çempionatynda bolsa ol sport älemine ýene-de bürünç medal bilen dolanyp geldi. Bu gün bolsa ol halkara ýaryşlardaky ýeňişleriniň üstüni dünýä çempionatynyň kümüş medaly bilen doldurdy.

Ýeňiş gutly bolsun, Kristina! Höwri kän bolsun!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň