Soňky habarlar

Arhiw

“Syýasat we jemgyýet” atly ylmy-nazaryýet žurnalyň nobatdaky sany çapdan çykdy

20:3621.10.2017
0
7118

“Syýasat we jemgyýet” atly ylmy-nazaryýet žurnalyň nobatdaky, 2016-njy ýyl üçin 4-nji sany çapdan çykdy. Ol Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiwi tarapyndan türkmen we rus dillerinde çap edilýär.

9 sany mowzuklaýyn umumy sözbaşylardan ybarat bolan bu žurnalda maglumatlara baý makalalaryň 20-si ýerleşdirilipdir. Bu makalalar Türkmenistanyň içerki we halkara gatnaşyklaryndaky, onuň dünýä giňişliginde abraýynyň, ornunyň we täsiriniň artmagyndaky göwrümli özgertmeler babatda ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyndaky şanly wakalara bagyşlanýar. Şunda wakalaryň we hadysalaryň düýp özenini, häsiýetini açyp görkezmäge, jemgyýetçilik ösüşiniň meýillerini we ýurtda bolup geçýän oňyn işlere täsir edýän ýagdaýlary ýüze çykarmaga aýratyn üns berlipdir.

Žurnalda ýerleşdirilen “Ählihalk ynamy we goldawy” atly makalada saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsümiň we saýlawlaryň nähili geçendigi barada giňişleýin maglumatlar berilýär. Bu makalada jemgyýetimiziň dünýägaraýşy we jemgyýetçilik-syýasy kämilligi, türkmen jemgyýetinde höküm sürýän agzybirligiň we jebisligiň ruhy örän aýdyňlyk bilen beýan edilýär.

Žurnalyň mowzuklarynyň biri ykdysady syýasata bagyşlanýar, bu syýasat türkmen ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň senagat taýdan durnukly täzeçil ösdürilmegini goldamaga, önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmaga, bazar gatnaşyklaryny ornaşdyrmaga, hususy ulgamy höweslendirmäge gönükdirilendir.

Žurnalda çap edilen “Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň medeni miras taglymaty – taryhy kökleri we ruhy täzeleniş”, “Türkmen döwletiniň ruhy-ahlak esasy” atly makalalarda milletiň Lideriniň çuňňur many-mazmuna eýe bolan täze taglymaty işläp taýýarlandygy hem-de ony halka hödürländigi barada bellenilip geçilýär, bu taglymatyň düýp özenini türkmen halkynyň birnäçe nesilleri tarapyndan toplanylan taryhy-medeni miras we ruhy-ahlak gymmatlyklar düzýär, olar her bir adamda watansöýüjilik, ýurduň taryhyna, milli däp-dessurlaryna we adatlaryna çuňňur hormat goýmak ýaly düşünjeleri terbiýeleýär. Jemgyýetde bu taglymatyň berkarar edilmegi asylly ynsanperwer ýörelgeler esasynda milletiň ahlak taýdan kämilligini üpjün etmäge ýardam berer.

Neşir Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkezinde ýokary derejede çap edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň