Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Ysraýyl Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

09:4319.10.2017
0
8676

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ysraýyl Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Moşe Kamhini kabul etdi. Ilçi türkmen döwletiniň Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy.

Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz hem-de ilçi türkmen-ysraýyl hyzmatdaşlygynyň yzygiderli häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar. Nygtalyşy ýaly, türkmen Lideriniň ýolbaşçylygynda Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan ösüşlere beslenen daşary syýasat strategiýasy döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ýardam edýär. Ýurdumyz tarapyndan öňe sürülýän hem-de ählumumy howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilip, üstünlikli durmuşa geçirilýän döredijilikli başlangyçlar munuň aýdyň mysalydyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz we diplomat halkara guramalarynyň hem-de abraýly düzümleriň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň ugry boýunça gatnaşyklary işjeňleşdirmäge iki ýurduň özara gyzyklanma bildirýändigini beýan etdiler.

Milli Liderimiz hemmetaraplaýyn innowasion ösüşe, senagatlaşdyrmaga hem-de senagat düzümlerini düýpli döwrebaplaşdyrmaga tarap ugur alan Türkmenistanyň ýokary tehnologiki ugurlara aýratyn ähmiýet berýändigini, munuň bolsa gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açýandygyny nygtady. Ilçi söwda-ykdysady ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy artdyrmaga uly kuwwatyň bardygyny nygtap, köp pudaklarda baý tejribä hem-de peýdaly işläp taýýarlamalara eýe bolan Ysraýylyň toplanan tejribäni we dürli ulgamlardaky nou-haulary Türkmenistana hödürlemäge taýýardygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de ilçi döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz düzüm bölegi bolan ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ähmiýeti barada aýdyp, ylym we bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ugurlary boýunça aragatnaşyklary pugtalandyrmak babatda pikirlerini aýtdylar. Ýurdumyzyň häzirki döwürde ösdürilmegine uly üns berýän sport we syýahatçylyk ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda agzaldy.

Jenap Moşe Kamhi ýüzbe-ýüz duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de Ysraýyl Döwletiniň diplomatik wekilhanasynyň baştutany hökmünde işinde üstünlikleri arzuw edendigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, özara bähbitlere kybap gelýän netijeli döwletara gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak üçin hemme tagallalaryny etjekdigine ynandyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň