Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda gämi gatnawy boýunça hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar

23:2513.10.2017
0
4227

13-nji oktýabrda Türkmenbaşy şäherinde Hazarýaka döwletleriniň deňiz portlarynyň düzümleriniň ýolbaşçylarynyň 8-nji mejlisi öz işine başlady. Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň wekilleri iki günüň dowamynda gämi gatnawy, deňiz ýük gatnawlary, howpsuzlygy üpjün etmek, port düzümlerini ösdürmek, logistik maglumatlary alyşmak, Hazaryň deňiz gurşawyny goramak bilen baglanşykly hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşýarlar.

Duşuşygyň dowamynda Hazarýaka ýurtlarynyň ulag ulgamynda özara peýdaly gtanaşyklary berkitmäge we giňeltmäge, Ýewraziýa ulag geçelgeleri ulgamynda sebitiň eýeleýän ornuny ýokarlandyrmaga Hazarýaka ýurtlarynyň aýratyn gyzyklanma bildirýändigi bellenildi. Bellenilişi ýaly, Hazaryň ägirt uly üstaşyr mümkinçilikleri, onuň geografiki taýdan amatly ýerleşmegi, “Gündogar-Günbatar” we “Demirgazyk-Günorta” yklymlaýyn ugurlaryň çatrygynda bolmagy bu möhüm ugurda goňşy döwletleriň tagallalarynyň utgaşdyrylmagynyň zerurdygyny, deňizde ýolagçy gatnatmak, ýük daşamak, şeýle hem netijeli aragatnaşygy ýola goýmak boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de artdyrmagyň möhümdigini äşgär edýär.

Hazar deňziniň portlarynyň halkara derejesini we mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, olaryň önümçilik düzümlerini döwrebaplaşdyrmagyň, tehniki taýdan enjamlaşdyrmagyň, häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň hasabyna onuň kuwwatlyklaryny artdyrmak bilen baglanyşykly meseleler duşuşugyň esasyny düzdi.

Hususan-da, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018-2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde sebitiň möhüm logistik bölümine öwrülmäge niýetlenen Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz menziliniň gurluşygyny tamamlamak meýilleşdirildi. Ol deňiz, awtomobil, demir ýol we howa ulaglaryny peýdalanmak arkaly ýük daşamagy utgaşdyrmaga mümkinçilik berer.

14-nji oktýabrda sebitleýin maslahat öz işini dowam eder. Mejlisiň jemleri boýunça degişli Teswirnama gol çekmek bellenildi. Onda Hazarýaka döwletleriniň arasynda gämi gatnawyny we port düzümini ösdürmek boýunça özara gatnaşyklaryň geljekki ugurlarynyň giň meseleleri boýunça gazanyljak ylalaşyklar öz beýanyny tapar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň