Soňky habarlar

Arhiw

Ýaşulular Türkmenistanyň Prezidentine Türkmenistanyň Gahrymany diýen hormatly ady ikinji gezek dakmagy teklip etdiler

04:5310.10.2017
0
7433

Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň ilkinji gününde çykyş eden ildeşlerimiz il-ýurduň bähbidine teklipleriň birnäçesini orta atdylar we hormatly Prezidentimiziň maslahata gatnaşyjylara ýüzlenen tekliplerini, pikirlerini goldaýandyklaryny bildirdiler.

Aşgabat şäheriniň Arçabil etrabynyň ýaşaýjysy, hormatly dynç alyşdaky Şaberdi Amansaparow ähli ýaşulularyň adyndan hormatly Prezidentimiziň täze başlangyçlaryny we Ýaşulular maslahatynyň işini kämilleşdirmek boýunça tekliplerini doly goldaýandygyny aýtdy. Ýaşulularyň döwlet Baştutanymyzyň milli baýlyklarymyzy netijeli we aýawly peýdalanmak, ozal ýeňillikli şertlerde berilýän tebigy gaza, elektrik energiýasyna, arassa agyz suwuna, azyklyk duza doly tölegi girizmek, şeýle hem jemgyýetçilik ulaglary, aragatnaşyk we jemagat hyzmatlarynyň töleglerine täzeden seretmek bilen baglanyşykly tekliplerini doly goldaýandyklaryny nygtady. Bazar gatnaşyklaryna geçilýän döwürde munuň özi ilatyň abadançylyk derejesiniň ýokarylygy bilen düşündirilýär. 

Mundan başga-da, Ş.Amansaparow ýurdumyzyň dürli derejedäki döwlet edaralarynyň gullukçylary üçin göz öňünde tutulan ýeňilliklere täzeden seretmegiň maksadalaýyk  boljakdygyny belledi. Bu bolsa tygşytlanylan serişdeleri raýatlaryň durmuş  taýdan goraglylygyny üpjün etmek boýunça beýleki möhüm wezipeleriň çözgüdine gönükdirilmegine ýardam berer. Jemgyýetçilik ulagynyň, aragatnaşygyň we jemagat hojalygynyň hyzmatlaryna  goýlan bahalara täzeden seredilmegi bu pudaklaryň ykdysady ýagdaýynyň pugtalanmagyny şertlendirer. Şunuň bilen baglylykda, ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bu teklibi goldamak baradaky haýyş bilen ýüz tutdy.

Ş.Amansaparow ýaşulularyň adyndan Garaşsyz we Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny mundan beýläk-de artdyrmak boýunça bitiren hyzmatlary hem-de ägirt uly işleri üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ikinji gezek Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent ady dakmak hakyndaky  teklibi beýan etdi we ony goldamak haýyşy bilen ýygnananlara ýüzlendi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň