Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabat Aziadanyň myhmanlaryny garşylaýar

14:1913.09.2017
0
6782

Şu günler Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşmak üçin daşary ýurtlaryň sport wekiliýetleri tapgyr-tapgyr bolup Aşgabada gelýärler.

Biziň habarçylarymyza berlen maglumata görä, şu gün sagat 15:00-dan 14-nji sentýabr güni daň bilen 6:00-a çenli 1300 töweregi myhmanyň gelmegine garaşylýar. Sport wekiliýetleri Aşgabadyň Halkara howa menziliniň VIP bölüminde türkmen myhmansöýerligi bilen garşylanyp, ýörite awtobuslar arkaly Olimpiýa şäherçesindäki türgenler myhmanhanalaryna alyp gidilýär.

Halkara howa menzilinde meýletinçiler myhmanlary gitmeli ugurlaryna, münmeli awtobuslaryna ugradylýar. Häzirki günlerde gelýän myhmanlaryň aglabasy futzal, jiu-jitsu we türkmen göreşi boýunça ýygyndylardyr. Çünki bu görnüşler boýunça ýaryşlar «Aşgabat 2017-niň» ilkinji günlerinde geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň