Soňky habarlar

Arhiw

Legionerlerimiz we dünýä belli tälimçimiz ýeňşini baýram edýär

17:2720.08.2017
0
4589

Futbol boýunça Russiýanyň çempionatyndaky üstünlikleri bilen indi birnäçe ýyldan bäri haýran galdyryp gelýän ildeşimiz Gurban Berdiýewiň ýolbaşçylygyndaky «Rubin» futbol topary milli birinjiligiň 7-nji tapgyrynda Mahaçkala şäheriniň «Anžisini» 6:0 hasabynda ýeňdi. Bu ýeňiş «Rubiniň» başyna ikinji ýola gaýdyp gelen türkmen tälimçisiniň ilkinji uly hasaply ýeňşidir. Bu ýeiňşden soň 11 utuk toplan «Rubin» ýaryş tertibiniň 6-njy başgançagyna galdy. Şeýlelikde, Gurban Beridýewiň topary indi Ýewropa zonasyndan bary-ýogy bir basgançak aşakda. «Rubin» 26-njy awgustda geçiriljek 8-nji tapgyryň duşuşyklarynda «Tosno» toparyny kabul eder. 7-nji tapgyrda başga bir ildeşimiz Maksim Kazakowyň düzüminde çykyş edýän «SKA-Habarowsk» bilen 0:0 hasabyndaky deňlik bilen oýnan «Tosno» häzirlikçe ýaryş tertibinde 12-nji orunda. 

Ýeri gelende aýtsak, «Tosno» — «SKA-Habarowsk» duşuşygynda Türkmenistanda doglan Maksim Kazankow 64-nji minutda Witaliý Fedotowyň ornuna oýn agirdi. Premýer liga şu ýyl Biirnji ligadan gelen «SKA» ýaryş tertibinde 13-nji orunda. Eger-de topar çempionatyň ahyryna çenli bu orundan ýokary galyp bilmese, biziň indiki möwsümde ildeşlerimiziň Premýer ligadaky oýnuna tomaşa edip bilmek mümkinçiligimiz azalar. Çünki Russiýa çempionatynyň şertlerine laýyklykda, 13-nji orundaky topar ligada galmak üçin pleý-of duşuşyklaryny geçirmeli bolar. Ýöne entek çempionatyň ýaňy 7-nji tapgyrynyň dowam edýändigini ýatdan çykarmalyň.

Azerbaýjanyň çempionatynda çykyş edýän başga bir ildeşimiz Elman Tagaýew bolsa bu tapgyrdaky ajaýyp oýny bilen toparyna ýeňiş getirdi. Ýakynda Premýer liganyň täze wekili «Sabailiň» düzümine goşulan milli ýygyndymyzyň ýarym goragçysy Azerbaýjanyň çempionatynyň ikinji tapgyrynda «Neftçi» bilen geçirilen duşuşygyň 90-njy minudynda tapawutlanyp, toparyna arzyly ýeňşi getirdi. Bu ýeňiş şol bir wagtyň özünde «Sabailiň» hem Premýer ligadaky ilkinji ýeňşidir. Şol bir wagtyň özünde toparyň ilkinji goly hem türkmenistanly futbolçy Elman Tagaýewiň adyna ýazyldy.

 Ýakynda biz milli ýygyndymyzyň kapitany Ahmet Ataýewiň hem Indoneziýanyň «Arema» toparyna goşulandygyny habar beripdik. Topar ýurduň çempionatynyň nobatdaky tapgyrynda «Balikpapan» bilen geçirilen duşuşykda 3:0 hasabynda ýeňiş gazandy. Tejribeli türkmenistanly ýarym goragçy bolsa duşuşykda 90 minutlap oýnady. 20 tapgyrdan soň, «Arema» 18 toparlyk çempionatyň ýedinji basgançagynda. 20 duşuşykdan 30 utuk toplan topar üçünji orundaky «Bali Ýunaýted Pusamdan» bary-ýogy 5 utuk yzda. Ýeri gelende aýtsak, Indoneziýanyň çempiony Aziýanyň Çempionllar ligasyna, ikinji we üçünji orunlary eýelän toparlar bolsa AFK-nyň kubogyna gatnaşmaga hukuk gazanar.

  Belarusyň çempionatynyň 19-njy tapgyrynda bolsa Mogilýew şäheriniň «Dnepri» Nowopolotsk şäheriniň «Naftanyny» myhmançylykda 0:1 hasabynda ýeňdi. Duşuşykda türkmenistanly ýarym goragçy Merdan Gurbanow myhman toparyň düzüminde 90 minutlap meýdanda boldy. 19 tapgyrda 18 duşuşyk geçiren «Dnepr» 19 utuk bilen çempionatyň 11-nji basgançagynda barýar. Topar indiki duşuşygyny 25-nji awgustda «Torpedo-BelAZ» bilen geçirer. Merdan Gurbanowyň çykyş edýän toparynyň nobatdaky garşydaşy ýaryş tertibiniň ýedinji basgançagynda.

Özbegistanyň çempionatynda hem ildeşimiziň çykyş edýän topary ajaýyp ýeňiş gazandy. 19-njy awgustda geçirilen 18-nji tapgyryň duşuşygynda düzüminde türkmenistanly ýarym goragçy Artur Geworkýan hem bolan «Gyzylgum» futbol topary ýaryş tertibiniň üçünji ornundaky «Kokanty» 3:1 hasabynda ýeňdi. Bu duşuşykdan soň, 10-njy basgançaga galan «Gyzylgumyň» 24 utugy bar. Artur Geworkýanyň topary indiki tapgyrda ýaryş tertibiniň ikinji basgançagyndaky «Buhara» topary bilen duşuşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň