Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň Aziýa çempionatyna çykmak mümkinçiligi azalýar

00:2422.07.2017
0
7626

21-nji iýulda Doha şäherinde Siriýanyň ýaşlar ýygyndysy bilen geçirilen duşuşygyň netijesini türkmenistanly ýaşlaryň indiki ýyl Hytaýda geçiriljek Aziýa çempionatyna gatnaşmak umydyny azaltdy. Saýlama tapgyrdaky ilkinji duşuşykda ýer eýelerinden — Kataryň ýetginjekler ýygyndysyndan 2:0 hasabynda ýeňlen ildeşlerimiz yzda galan iki duşuşykdan bary-ýogy bir utuk toplap bildiler. Siriýa bilen duşuşyk 0:0 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy.

Duşuşygyň birinji ýarymy siriýaly futbolçylaryň artykmaçlygy bilen geçdi. Ýöne hasaby açmak ne olara, ne-de türkmenistanly ýetginjeklere başartdy. 22-nji minutda Moumen Najiniň döreden howply pursadyny derwezeçi Döwletýar Berdiýew gaýtardy. Şondan soň, Mohtadiniň we Najiniň ýene-de birnäçe howply urgulary boldy. Ildeşlerimiz hem Mekan Aşyrowyň dürs geçiren pökgüleri arkaly hasaby açmaga ýakyn geldiler. Ýöne oýnuň agramly böleginde türkmen futbolçylary goranmaga mejbur boldular. Şeýle-de bolsa, Berdimyrat Rejebow üçin iki gezek amatly pursadyň döreändigini hem aýtmaly.

Mahlasy, duşuşykda hasaby açmak üçin pursat az döremedi, ýöne, görnüşi ýaly, garaşylan ýeňiş hiç kimiň hem ýanyna gelmedi. Duşuşykdan soň, ýetginjekler ýygyndymyzyň baş tälimçisi Ahmet Agamyradow şeýle diýdi: «Duşuşygyň netijesi iki toparyň hem haýryna däl. Duşuşykda ýeňiş gazanyp, Aziýa çempionatyna çykmak mümkinçiligimizi dowam etdirmäge synanyşjakdyk. Iki ýygyndy hem gol geçirmek üçin göreşdi, emma bolmady. Indiki duşuşyklarda, Katar Siriýany ýeňse, bizem Hindistanyň ýygyndysyndan uly hasapda üstün çyksak, yklym birinjiligine çykmak mümkinçiligimizi ýitirmän bileris. Bu duşuşykda bolsa, elbetde, siriýaly futbolçylaryň fiziki taýýarlygy ýokarydy. Bu görnüp dur, muňa garamazdan, biz ýeňilmedik».

Baş tälimçiniň sözlerinden hem görnüşi ýaly, ildeşlerimiz toparçadaky indiki duşuşygynyň Hindistanyň ýaşlary bilen geçirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň