Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Paýtagtymyzyň binagärlik açylyşlary

02:0501.07.2017
0
9015

29-njy iýunda paýtagtymyzda uly ähmiýetli binagärlik açylyşlarynyň birnäçesi bolup geçdi -- Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda täze ýaşaýyş jaýlary, köpgatly awtoduralga, birnäçe ugurly aýrytlary, ýerüsti we ýerasty geçelgeleri bolan zerur düzümli şäheriň onlarça kilometr awtomobil ýoly, şeýle hem paýtagtymyzyň günorta böleginde seýilgäh ulanmaga tabşyryldy. Dabaralara paýtagtymyzyň dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar gatnaşdylar. Döredijilik toparlary aýdym-sazly joşgunly çykyşlaryny görkezdiler.

Ençeme 9 gatly täze ýaşaýyş jaýlary, şol sanda 54 öýli 6 jaý hem-de 36 öýli 10 jaý, Aşgabadyň günorta-gündogar böleginde okgunly döredilýän Parahat-7 ýaşaýyş jaý toplumynda dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi.

Täze jaýa göçüp gelenleri zerur bolan hemme aragatnaşyk ulgamlary bilen enjamlaşdyrylan oňaýly öýler kabul etdi. Dabaralaryň barşynda häzirki zamanyň täze jaýlaryndan öý alan maşgala agzalaryna açarlar gowşuryldy. Bagtyýar öý eýeleri öz çykyşlarynda paýtagtymyzda hem-de tutuş ýurdumyzda oňaýly döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny bina etmek boýunça uly möçberli maksatnamanyň durmuşa geçirilmeginiň başyny başlan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Jaýlary bina etmekde tapawutlanan gurluşykçylara döwlet Baştutanymyzyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

Dabara gatnaşyjylar ýurdumyzyň “Ajaýyp bina” hojalyk jemgyýeti hem-de “Ýelken gurluşyk”, “Ojar Aziýa” we “Ýaňyýap” hususy kärhanalar tarapyndan gurlan täze jaýlaryň enjamlaşdyrylyşy we bezelişi bilen tanyşdylar.

Şeýle hem şu gün Aşgabatda 400 orunlyk köp gatly awtoduralga ulanmaga tabşyryldy. Ol D.Azady we M.Täçmyradow köçeleriniň çatrygynda bina edildi.

Duralganyň birinji gatynda awtosöýüjiler üçin hemme zerurlyklar bolan dükanlar ýerleşdirilipdir. Şeýle hem bu ýerde awtoýuwalga hyzmatlary hödürlenilýär.

Şu gün Aşgabadyň günortasynda umumy meýdany 630 gektar bolan paýtagtymyzyň iri seýilgähleriniň biri dabaraly açyldy. Ol tebigatyň owadan ýerinde ýerleşdi. Landşaft bezeginiň ajaýyp öwüşginleri seýilgäh zolagynyň görküni artdyrdy.

Hemme zerur bolan düzümleri bilen bilelikde paýtagtymyzyň döwrebaplaşdyrylan ýol ulgamynyň dabaraly açylyp ulanmaga tabşyrylmagy binagärlik açylyşlarynyň ýene-de biri boldy. Aziada-2017-niň öňýanynda geçirilen uly möçberli işleriň çäklerinde şäheriň ähli uly ýollarynda öňdebaryjy ölçeglere laýyklykda, şäher awtomobil ýollarynyň 59,14 kilometri täzeden guruldy. Köprüleriň 18-si, ýerasty geçelgeleriň 34-si hem-de ýerüsti pyýada geçelgeleriniň 20-si, zerur bolan beýleki düzümler guruldy. Şäher ulag ulgamynyň uly möçberde durkunyň täzelenilmegi awtomobilleriň akymyny has oňaýlaşdyrmaga, öz çäklerini okgunly giňeldýän şäheriň köçelerinde dykyn emele gelmeginiň meselelerini doly çözmäge mümkinçilik berdi.

Mundan beýläk şäheriň iri ýollarynyň birine öwrülen N.Andalyp köçesi dabaralaryň geçirilýän ýerine öwrüldi. Onuň bütin dowamynda swetoforsyz hereket guraldy, uly çatryklaryň ählisi bolsa köp ugurly awtoulag ýol zolaklaryna beslendi.

Dabaralaryň çäklerinde awtobuslardan hem-de awtomobilleriň 40-syndan ybarat bolan kerwen 10 ýyl abadançylyk we N.Andalyp köçeleriniň aýlawynda ýerleşýän “Zemin” binasyndan N.Andalyp we Hoja Ahmet Ýasawy köçeleriniň çatrygynda ýerleşýän “Şahyr” binasyna çenli ýola düşdüler. Hormatly ýaşulular, ýaşlar, köpsanly paýtagtlylar awtoulag kerweniniň ýolagçylary boldular.

Aşgabadyň tapawutlanýan belent binagärligi, oňaýly we ideg edilen bagy-bossanlyklaryň toplumy sebitiň binagärlik merjeni diýlip mynasyp atlandyrylýan ak mermerli paýtagtymyzyň bezegine öwrüldi. Ýurdumyzyň baş şäherini abadanlaşdyrmagyň we ösdürmegiň, ulag-aragatnaşyk ulgamlarynyň durkuny düýpli täzelemek we giňeltmek, seýilgäh zolaklaryny bagy-bossanlyga büremek, şäheriň amatly durmuş gurşawyny döretmek maksady bilen, ylmyň we öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryň gazananlaryny peýdalanmak meseleleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň uly üns merkezinde durýar. Munuň şeýledigini şu gün Aşgabatda geçirilen binagärlik açylyşlarynyň ençemesi ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň