Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabady ösdürmegiň we Aziada — 2017-ä taýýarlygyň meseleleri boýunça maslahat geçirdi

03:5322.06.2017
0
9230

21-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäher häkimliginde ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň möhüm meselelerine we geljekki ugurlaryna  bagyşlanan maslahat geçirdi. Maslahatda paýtagtymyzyň düzümlerinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilmegine görülýän taýýarlyk meselelerine garaldy.

 Döwlet Baştutany maslahatyň gün tertibine girizilen meseleler boýunça hasabatlary diňlemezden ozal, Aşgabady ösdürmäge soňky ýyllarda ägirt uly üns berilýändigini aýtdy. Şäheriň çägi giňeldildi, paýtagtymyzda bina edilýän desgalaryň gurluşygyna daşary ýurtlaryň kompaniýalary we şäheri abadanlaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilen işleriň esasy möçberleri ynanylan ýurdumyzyň  telekeçileri işjeň çekilýär.

Şeýle-de bolsa, şäheriň desgalaryny saklamagyň we ulanmagyň guralyşynda  entek käbir kemçilikleriň bardygyny belläp, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow  bu ugurda alnyp barylýan işlere nägilelik bildirdi. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna az wagtyň galandygyny we oýunlara taýýarlyk boýunça uly işleriň ýerine ýetirilmelidigini belledi.  

Maslahtda döwlet Baştutanyna häzirki döwürde şäheriň ýaşaýyş toplumlarynda, paýtagtymyzy ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynda alnyp barylýan gurluşyk işleri, Aşgabadyň günorta künjeginde umumy meýdany 630 gektar bolan seýilgähiň gurluşygynyň tamamlanandygy, şeýle hem täze awtomobil ýollarynyň, köp derejeli köprüleriň, awtoduralgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy, energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny üpjün edýän desgalar toplumy we durky täzelenen seýilgählerde ýerine ýetirilen işler barada hasabat berildi.

Şeýle hem paýtagtda 22 — 27-nji iýun aralygynda degişli maksatnama laýyklykda, Medeniýet hepdeligi geçiriler. Onuň çäklerinde birnäçe giň möçberli döredijilik çäreleri, aýdym-sazly çykyşlar, sergiler we beýlekiler meýilleşdirildi.

Maslahatda paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmek, onuň etraplaryny abadanlaşdyrmak we gök zolaklary döretmek boýunça  ugurdaş düzümler bilen bilelikdäki alnyp barylýan işler barada hem hasabat berildi.  Şäheriň ýol-ulag düzümini, durmuş üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär.

Şäher häkimligi umumy uzynlygy 59,14 kilometr bolan köçeleri döwrebaplaşdyrmak, ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak bilen 18 köprini, 39 ýerasty we 15 ýerüsti geçelgeleri, şeýle hem täze inženerçilik ulgamyny taslamak we gurmak  boýunça degişli şertnama baglaşdy. Häzirki döwürde birnäçe desgalar ulanmaga berildi, ýol belgilerini, abadanlaşdyryş işlerini geçirmek, gök zolaklary döretmek boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar.

Aziada — 2017-ä taýýarlyk meselelerine aýratyn ünsi çekip, Türkmenistanyň Prezidenti ähli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary hil derejesinde we bellenilen möhletlerde ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi we bu babatda Aşgabat şäheriniň häkimine birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Ç.Gylyjow Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak, ýol-ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak boýunça işleriň ýagdaýyna hem-de paýtagtymyzda jemagat hojalygy gulluklarynyň ýerine ýetirýän işlerine geçirilen seljermeleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutany şäher çäklerini hasaba almak bilen, her bir etrabyň sazlaşykly ösüşiniň möhümdigine ünsi çekdi. Paýtagtymyzyň merkezi onuň özboluşly keşbi bolup durýar. Ýöne ähli çäklerde ýollaryň, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň abadançylygynyň, inžener-tehniki taýdan bökdençsiz üpjünçiligiň zerur derejesi ýola goýulmalydyr.

Şäheri dolandyryş we hojalyk düzümlerniň işinde birnäçe meseleleriň bardygyna ünsi çekip, milli  Liderimiz desgalary degişli derejede ulanmagyň, olaryň ähmiýetiniň göz öňünde tutulmagynyň we olara degişli hyzmaty, dolandyryşy ýola goýmagyň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany bu meseleleriň anyk çözülmegini üpjün edýän etrap häkimleriniň işlerine düýpli nägilelik bildirdi.

Ýolagçylar we sürüjiler üçin degişli amatlyklary üpjün etmek nukdaýnazaryndan şäheriň ýol-ulag düzümleriniň döwrebaplaşdyrylyşyna düýpli bellikler aýdyldy. Türkmenistanyň Prezidenti jemgyýetçilik ulaglary üçin duralgalaryň ýerleşdirilmegine, ýerüsti we ýerasty geçelgeleriň gurluşygyna oýlanyşykly çemeleşilmeýändigini belledi. Olar häzirki zaman şäher gurşawyna doly laýyk gelmelidir.

Soňra ykdysady ulgamda geçirilýän işler barada hasabat berildi. Hormatly Prezidentimiz şäheriň ähli görkezijiler babatda ýokary ösüşini üpjün etmek boýunça ýörite maksatnamanyň işlenip taýýarlanylandygyny belläp, ondan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi babatda alnyp barylýan işleri yzygiderli dowam etmegi tabşyrdy. Şunda, ýerine ýetirilen işler, gurluşyklar üçin maliýeleşdirmegiň anyk möçberleri kesgitlenmelidir.

Ähli etraplarda ýol ýakalarynda gök zolaklary döretmek, abadanlaşdyryş işlerini alyp barmak, esasy ulag ýollarynyň bezeg aýratynlyklaryna ünsi güýçlendirmek meseleleri boýunça birnäçe anyk bellikler aýdyldy. 

Ýurdumyzyň içeri işler ministri I.Mulikowa şäherde oturdylýan ýol belgileriniň hilini ýokarlandyrmak, täze ýollarda degişli maglumat tablolaryny ýerleşdirmek, ýol gözegçiligi gullugynyň işini kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreleri dowam etmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň