TÝL - 2017: 9-njy tapgyra gysgaça syn

0
179
TÝL - 2017: 9-njy tapgyra gysgaça syn

21-nji aprel

«Köpetdag» — «Energetik»

Ýokary liganyň 25-nji möwsüminiň 9-njy tapgyryna Aşgabatda badalga berler. Toparlaryň düzümlerinden çen tutsaň, myhmançylykda oýnaýan hem bolsa, «Energetigiň» ýeňşine garaşybermeli ýaly. Ýöne «Köpetdag» käte-käte gudrat görkezip, güýçli toparlary hem ýeňip bilýän topar. Onsoňam, ýaryş tetibiniň tas-kem düýbünden halas bolmak üçin Seýit Seýidowyň şägirtlerine ýeňiş zerur. Aly Gurbany Mary welaýatyna wekilçilik edýän topary bilen Aşgabatdaky ilkinji duşuşygyny geçirýär. Onuň paýtagtda gazanjak ýeňşi ýaryş tertibiniň çüre depesine çykmaga hem mümkinçilik berip biler, çünki «Energetikden» bary-ýogy 1 utuk öňde barýan «Şagadam» bu gezek ýurdumyzyň wise-çempiony «Balkany» kabul edýär.

         Duşuşykda göze iläýjek käbir sanlar we maglumatlar:

         — Eger, «Energetik» şu duşuşykda ýekeje gol geçirse, onda topar ligamyzyň şu möwsüminde 10 gol geçirip bilen toparlaryň arasyna bäşinji wekil bolup goşular;

         — Eger, duşuşyk «Energetigiň» peýdasyna tamamlansa, onda topar şu ýyl myhmançylykda 3 ýeňiş gazanan ilkinji topar bolar;

         — Tersine, duşuşyk «Köpetdagyň» ýeňşi bilen tamamlansa, bu ýeňiş toparyň Ýokary ligadaky 800-nji utugyny gazanmagyna mümkinçilik berer;

         — «Energetik» duşuşykdan, iň bolmanda, 1 utuk alyp bilen ýagdaýynda-da, Ýokary liganyň taryhynda çykyş eden toparlaryň arasynda utuk sany boýunça 17-nji orna çykar;

         — Duşuşykda gazanyljak ýeňiş «Energetigiň» Ýokary ligadaky 30-njy ýeňşi bolar, şeýlelikde toparyň ligadaky ýeňişleri bilen utulyşlarynyň sany deňleşer.

22-nji aprel

«Aşgabat» — «Ahal»

         Geçen tapgyrda Amangylyç Koçumowyň şägirtleri gazanyp barýan ýeňşini elinden gidirip, ahmyr çekmeli boldy. Umuman, yza nazar aýlasaň, «Aşgabadyň» ahmyry ýeterlik. Futbolda aýdylyşy ýaly, ýekeje ýeňiş toparyň şowly ädimleriniň başlangyjy bolup biler. Belki, şol ýeňşiň sähedi şu tapgyrdadyr. Ýöne, garşydaşyň liganyň üçünji ornundaky, özi-de şu wagta çenli Aşgabatda ýeňilmedik topar bolsa ýeňşe bolan umyt inçelýär. Emma bu «Aşgabadyň» ýeňiş gazanmajakdygyny hem aňladanok. Topara ýedinji orundaky ýerinden sogrulyp çykyp, çempionlyk ýaryşyna goşulmak üçin üç tapgyrdan bäri nesip etmeýän şo-ol arzyly ýeňiş gerek. Ol kime gerek däl?! Ýeňiş Röwşen Meredowyň şägirtlerini hem liganyň birinji, ikinji orunlaryna çykaryp biler.

Duşuşykda göze iläýjek käbir sanlar we maglumatlar:

— Eger-de, duşuşykda «Ahal» ýeňse, onda bu ýeňiş toparyň Ýokary ligadaky 600-nji utugynyň buşlukçysy bolar;

— Duşuşyk deňme-deňlik bilen tamamlansa, «Ahalyň» Ýokary ligadaky deňlikleriniň sany 70-e tegelener;

— Şu tapgyrda «Aşgabat» Ýokary ligadaky 330-njy duşuşygyny geçirer.

«Şagadam» — «Balkan»

         Balkan derbisi ýa-da tapgyryň esasy oýny. Lider «Şagadam» bu mösüm öz meýdanynda diňe ýeňiş gazanýar. Ýöne, göreliň, «Şagadamyň» ýyndamlygy «Balkana» çenli bolaýarmyka?! Bolmazlygam ahmal. Bu ýylky «Şagadam» Amanmyrat Meredowyň geçen ýyl işleşen «Şagadamy» däl. Üstesine-de «nebitçiler» myhmançylykda o diýen bir üstünlikli oýny orta goýup bilenok. Duşuşykdan deňme-deňlige hem garaşybermeli.

Duşuşykda göze iläýjek käbir sanlar we maglumatlar:

         — Duşuşyk «Şagadamyň» ýeňşi bilen tamamlansa, «kenarlylar» şu möwsümde öz meýdanynda gazanan ýeňişleriniň sanyny 5-e çykarar we öz ýerinde iň kän utan topar bolar.

         — Duşuşykda «Balkanyň» derwezesine geçiriljek ýekeje gol «nebitçileriň» Ýokary ligada öz derwezesine goýberden jemi 700-nji goly bolar.

23-nji aprel

«Turan» — «Altyn asyr»

         Çempion ýaryş tertibiniň iň soňky ornundaky topara myhman bolýar. «Turandan» nähilidir bir gudrata garaşmak kyn. Ýöne AFK-nyň kubogynda ajaýyp ýeňiş gazanan «aragatnaşykçylaryň» baş tälimçisi esasy düzümdäki futbolçylaryna dynç berip, ätiýaçda oturýan futbolçylara mümkinçilik berip biler.

Duşuşykda göze iläýjek käbir sanlar we maglumatlar:

         — Duşuşyk, garaşylyşy ýaly, «Altyn asyryň» ýeňşi bilen tamamlansa, «aragatnaşykçylar» Ýokary ligada 10 utuk gazanan bäşinji topar bolar;

         — Bu duşuşyk toparlaryň ikisi üçin hem ýubileý oýundyr. Ýokary ligada «Turan» 650-nji gezek, «Altyn asyr» 270-nji gezek meýdana çykýar;

         — Şu wagta çenli iki toparyň hem Ýokary ligada 159 ýeňşi bar. Göreliň, ilkinji bolup, 160-njy ýeňşi gazanmak haýsy topara nesip ederkä?

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň