Çaga dogulanda çaganyň ejesi (kakasy) ýa-da hossary döwlet kömek pullaryny almaklyga hukuk gazanýar. Eger ogullyga/gyzlyga alnan çaganyň ene-atasyna döwlet kömek puly tölenmedik bolsa, dört aýa ýetmedik çagany ogullyga/gyzlyga alan ene-ata hem döwlet kömek pullaryny alyp biler.
Çaga seretmek boýunça döwlet kömek pullaryny üç ýaşa ýetýänçä çaga seretjek ene-ata ýa-da hossar özüniň jemgyýetçilikli peýdaly iş bilen üpjündigine garamazdan almaga hukukly.
Çaga dogulanda we çaga seretmek boýunça döwlet kömek pullaryny almak üçin nähili resminamalar zerur?
Çaga dogulanda we çaga seretmek boýunça döwlet kömek pullaryny almak üçin şu aşakdaky resminamalary toplamaly:
- Çaga seretmek boýunça döwlet kömek puluny almak baradaky arza;
- Çaga seredýän şahsyň pasportynyň (onuň ýerini tutýan resminamanyň) göçürmesi;
- Çaganyň dogluş hakyndaky şahadatnamasynyň göçürmesi;
- Maşgala agzalary baradaky kepilnama;
- Çagany ogullyga almaklyk baradaky degişli guramanyň çözgüdiniň göçürmesi (ogullyga/gyzlyga alnan ýagdaýynda);
- Çaga hossarlyk etmek baradaky degişli gurmanyň çözgüdiniň göçürmesi (hossarlyga alnan ýagdaýynda).
Çaga dogulanda we çaga seretmek boýunça döwlet kömek pullaryny almaklyk we mukdarynyň hasabynyň çykarylmagy
Çaga dogulanda berilýän döwlet kömek pullarynyň ölçegi döwlet kömek pullarynyň hasaby çykarylmasynda kesgitlenen başlangyç ululykdan göterimde hasaby çykarylýar, olar şu aşakdakylardan ybarat:
- Birinji we ikinji çaganyň dogulmagynda – 130 göterim;
- Üçünji çaga dogulanda – 250 göterim;
- Dördünji we soňraky çagalarda – 500 göterim.
Çaga seretmek boýunça döwlet kömek pullarynyň mukdary her çaga üç ýaşa çenli döwlet kömek pullarynyň hasabynyň çykarylmasynda kesgitlenen başlangyç ululykdan 65 göterim ölçegde berilýär (döwlet kömek pullaryň hasaplanmasynda başlangyç ululygy 2020-nji ýyl üçin 322 manat, 2021-nji ýyl üçin 354 manat).
Çaga dogulanda we çaga seretmek boýunça döwlet kömek pullaryny almak üçin nirä ýüz tutmaly?
Çaga dogulanda we çaga seretmek boýunça döwlet kömek pullaryny almak üçin hemişelik ýaşaýan ýeriň Türkmenistanyň pensiýa gaznasynyň ýerli bölümine ýüz tutmaly.