Soňky habarlar

Arhiw

Otaglary ýokançsyzlandyrma we zyýansyzlandyrma meseleleriniň häzirki zaman çözgütleri

0
32279

Häzirki wagtda otaglaryň howa gurşawynyň mikrobiologiki hapalanmagy esasynda keselçiligiň görkezijileri ýokary derejede saklanýar. Patogen (kesel dörediji) mikroorganizmleriň köp bölegi howa we howadaky damjalar arkaly geçýär. 

Bu mesele esasan hem adamlaryň üýşen ýerlerinde we ýapyk, howa çalşygy pes bolan otaglarda, şeýle-de howa aýlanyşykly otaglarda has ýitileşýär.  Elleriň arassaçylygyny we howanyň zyýansyzlandyrylmagyny üpjün edýän guralyň esasy meselesi – keselleriň ýaýramagynyň öňüni almaklykdyr. Bu makalada otaglarda patogen (kesel dörediji)  mikroflora garşy göreşiň häzirki zaman usullaryna serederis.

1. Otagda howanyň ultramelewşe zyýansyzlandyrmasyň ýapyk görnüşli ulgamy. 

Otaglaryň howa gurşawyny ultramelewşe (UM) mikroblary öldürýän şöhlelenme – lukmançylyk edaralarynyň howasynda mikroorganizmleriň mukdarynyň peselmegine we ýokanç keselleriň öňüni alynmaklygyna ugrukdyrylan adaty we has giň ýaýran arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek şeýle-de öňüni almak üçin geçirilýän çäredir.

UM zyýansyzlandyryjylar öz kuwwatlyklary boýunça tapawutlanýarlar, gurnamasynyň dürli görnüşleri bar, olar ýönekeý hasaplanyp, ulgamlaýyn hyzmaty talap etmeýär. Olaryň düzüminde himikatlar ýok, diňe ozon UV-C lampalary (çyralary) bilen işleýärler, bu ýagdaý bolsa, olary has tygşytly önümleriň hataryna goşýar. Olary 00 C temperaturada hem ulanmak mümkindigini aýratyn bellemek gerek.

2. Howa sterilizizatory (zyýansyzlandyryjysy)

Otaglaryň we iş ýerleriniň zyýansyzlandyrylmagy üçin zerur enjamlar. Şeýle görnüşli enjamlar diňe otagdaky howany däl, eýsem iş ýerleri zyýansyzlandyryp bilmek aýratynlygy bar. Bu enjam şeýle görnüşde işleýär, mikroorganizmleriň öýjük gurluşy we DNK/RNK-synyň materiallary gysga tolkunly ultramelewşäniň (UM-C) täsiri astynda genetiki derejede dargadylýar. Gibrid filtri (TiO2) foto işjeň alamatlary ýüze çykarýan we ultramelewşäniň tasiri astynda organiki molekulalaryň bölünmegine getirýän ýarym geçiriji materialy emele getirýär, kömür filtriniň üsti ownujak öýjüklerden ybarat.

Howada bar bolan  zyýanly we ýaramaz ysly gazlar filtrlerden geçirilende saklanyp galynýar. 

Kümüş gatlaklary wiruslaryň DNK materialynyň we bakteriýalaryň öýjük membranalarynyň dargamagyna, şonuň üsti bilen olaryň ýaýramagynyň öňüni almaga ýardam edýär. 

Aňsat gurnalýan howa zyýansyzlandyryjylary – otagyň diwaryna ýa-da potologyna berkitmek mümkin bolan enjam, hemişe arassa we zyýansyz howadan dem almak maksady bilen üznüksiz ulanmak aýratynlygy-da bar.  

Bu enjamlar ykjamlylygy we berkligi bilen tapawutlanýarlar, munuň esasy sebäbi bolsa olaryň pes temperaturalarda-da we ýokary çyglylyk şertlerinde hem işläp bilmek mümkinçiliginiň bolmagyndadyr. 

3. Beden temperaturasyny we ýüzleri anyklama terminallary

Beden gyzgynlygynyň ýokary bolmagy wirus ýokançlarynyň esasy alamatlarynyň biridigi ählimize mälimdir. Diýmek, öňünden geçirilýän gözegçilik üçin beden gyzgynlygynyň ýokarlanmagyny ýylylyk görkeziji (teplowiZion) kamerasy anyk kesgitläp biler. Ýylylyk görkeziji kameralaryň amatlygy olaryň galtaşmazdan, 80 sm aralykda beden gyzgynlygyny ölçäp bilýänliginde we barlagdan geçirilýän obýektiniň ýüzünde agyz-burun örtüginiň barlygyndan ýa-da ýoklugyndan hem habar berýänligindedir. Adamda beden gyzgynlygynyň ýokarylygy anyklanylanda gural awtomatiki usulda habar beriş sesi çykarýar (trewoga). 

Ygtyýar gözegçilik ulgamynyň (YGU) ulanylmagynda terminal beden gyzgynlygy ýokary bolan adamy awtomatiki usulda geçirmeýär. Şeýle-de olara ses habar berme (signalizasiýa), myhmanlaryň beden gyzgynlygynyň statistikasynyň hasaba alynmasy we bedeniň kadaly däl gyzgynlygy boýunça hasabatlylyk we ş.m. gurnalan, bu bolsa  lukmançylyk we bilim edaralarynda, ulag, senagat we söwda nokatlarynda örän ähmiýetlidir. 

4. Galtaşyksyz beden gyzgynlygyny ölçeýji gurallar.

Bu beden gyzgynlygyny galtaşmazdan anyklamak üçin ýöriteleşdirilen enjam. Bu enjamlaryň esasy aýratynlyklary beden gyzygynlygynyň sensor gözegçiliginiň bolmagyndadyr, ýagny olar obýekte galtaşmazdan 80 sm aralykda işläp bilýärler.

Şeýle-de, olar gözegçilik astyndaky adamlaryň sanyny ýüze çykaryp, beden gyzgynlygynyň görkezijileri boýunça bölüp hasaplap bilýärler. Ygtyýar gözegçilik ulgamyna (elektro-gulplar ýa-da turniketler) baglamak mümkinçiligi bar. Kadaly beden gyzgynlygy ölçenen ýagdaýynda ygtyýarlyk rugsady berler. Öz ekrany maglumat bilen üpjün edilenligi üçin, ykjamlygy we az energiýa sarp etýänligi sebäpli goşmaça kompýuteri talap etmeýär. Adamlaryň köp üýşen ýerleri üçin örän amatly bolup durýar.

5. Tirsek bilen zyýansyzlandyrma serişdeleri.

Elleri galtaşmazdan zyýansyzlandyrmak usulyny üpjün edýän deri antiseptikleri üçin suwuk sabynyň dozalara bölüp bermek üçin niýetlenen tirsek diwar dozatorlary. Bu diwar enjamlary mehaniki görnüşde, bir gezekde 1-3 ml göwrümli serişdeleri berip bilýär. 

Bu dozatorlaryň aýratynlygy – dürs ulanylmagynda aýalaryň dozator bilen galtaşmazlygy, tirsek bilen ryçagy (leňňer) ýeňil basmaklyk bilen suwuklygyň alynmaklygydyr. Arassaçylyga  talaplary ýokary bolan edaralarda (lukmançylyk, çaga, iýmit we ylym edaralarynda)  giňden ulanylýar. 

6. Suwuklyklaryň datçikli awtomatiki dozatorlary.

San gurluşly (shema), infragyzyl datçikli, ynamdar, galmagala çydamly, pes energiýaly, duýujylygy ýokary häzirki zaman dizaýnly enjamdyr. Bu enjamlaryň birnäçe görnüşleri bar mysal üçin: sensor spreýli, sensor köpürjikli we sensor suwuklykly.

Hassahanalarda, aýratyn hammam otaglarynda, ofislerde, banklarda, mekdeplerde, myhmanhanalarda, söwda merkezlerinde, kärhanalarda we ş.m. giňden ulanylýar.

Bu dozatorlaryň aýratynlygy – galtaşyk amala aşyrylanda awtomatiki datçigiň kömegi bilen bakteriýalaryň ýaýramagynyň öňi alynýar, olarda gurnalan energiýa tygşytlaýjy çip bolsa, energiýa üpjünçiligi we daşky gurşawyň goragyny, çykdajylaryň tygşytlanmagyny üpjün edýär.

Adam saglygy häzirki wagtda aýratyn orna eýedir. Sebäbi, saglyk her adamyň bahasyna ýetip bolmajak baýlydyr. Makalada beýan edilen enjamlar bilen doly tanyşmak we olar boýunça teklipleriniň üçin şu salga geçiň.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar