Arhiw

Internet arkaly lomaý söwda nähili etmeli?

0
34841

“Turkmenportal” web saýtymyzda ozal habar berşimiz ýaly, ýerli we daşary ýurtdan gelýän dürli harytlaryň lomaý söwdasy üçin niýetlenen “lomaysowda.сom”  platformasy döredildi.

Web saýtyň statistikasyna görä www.lomaysowda.com web saýtyny ulanyjylaryň sany gün-günden artýar.

Munyň üçin lomaý söwda platformasy öz taslamalaryny yzygider kämilleşdirýär. Ýaňy ýakynda  saýtyň dizaýny hem üýtgetdildi. Täze dizaýnda web saýtdaky ähli maglumatlara wajyplyk bermek üçin ony öňdäki orunlara çykarmak maksatly göze ýakymly we rahat reňklerden peýdalanyldy.

Platformanyň esasy maksady lomaý söwda etmeklik bolany sebäpli, ulanyjylar we üpjün edijiler üçin ähli mümkinçilikler döredilen. 

Üpjün ediji bolup “lomaysowda.сom”  platformasynda söwda etmek juda aňsat. Munuň üçin başda platformada hasaba alynmaly. Onuň üçin bolsa, “Hasaby döret” menýusyna basyp berilýän soraglara jogap bermek ýeterliklidir. Eger-de hasabyňyz bar bolsa onda “Email salgyny” we “Açar söz” girmek ýeterlikdir.

Üpjün ediji bolup hasaba alynandan soňra “Haryt goşmak” düwmesine basyp harytlaryňy aňsatlyk bilen ýerleşdirip bolýar. 

Lomaysowda.com web saýtynda haryt üpjün edijiniň şahsy kabineti esasy üç 3 bölümçeden ybaratdyr, ýagny:

Platformada üpjün ediji tarapyndan goşulan harytlary aňsatlyk bilen dolandyrmak üçin “Harytlarym” , markalary dolandyrmak üçin bolsa “Markalarym” bölümi hyzmat edýär. 

Ýagny üpjün ediji tarapyndan goşulan ähli harytlary “Harytlarym” menýusyndan görüp bilersiňiz. Eger-de size harytlaryň markalara göra saýlanmagyny isleseiňiz onda “Markalarym” menýusy size ýardam berer.

“Sargytlarym” bölümi bolsa ulanyjynyň iberen sargytlaryny aňsatlyk bilen dolandyrmak üçin niýetlenendir. Ýagny, bu ýerde harydyň ady, sany, jemi sargydyň bahasy ýaly maglumatlary görmek bolýar.

Saýtyň esasy bellemeli aýratynlygy 3 dilde hereket edýänligidir. Türkmen dilinden başga-da iňlis we rus dilleriniň bolmagy, harytlary satuwa çykaran satyjynyň diňe içerki bazarda däl eýsem, daşarky bazara hem önümi hödürlemegine ýagnyl "lomaysowda.com"  platformasyny ulanyjylarynyň geografiýasyny giňeldýär.

Bu bolsa goşulan harytlaryň köp sanly ulanyjysynyň bolmagyna şeýle-de söwdanyň amatly we elýeter bahadan bolmagyna eltýär.

Wagty tygşytlamak hem-de  ulanyjy üçin amatly bolar ýaly saýtda gözleg formasy hereket edýär. Gözleg formasy arkaly “Harytlar boýunça” we “Satyjylar boýunça” aýratyn gözläp bolma mümkinçiligi bar.

Platformany peýdalanýanlar üçin harytlar belli bir tertip boýunça toparlara bölünendir.

Saýtda habarlar we mahabatlar üçin hem aýratyn ýer niýetlenen. Birbada birnäçe maglumaty özünde jemläp ulanyjylara dessine ýetirmek üçin mahabatlyk ýer slaýder görnüşinde awtomatiki usulda hereket edýär. 

Platformada ulanyjy üçin, maglumata has-da baý bolar ýaly “Vip harytlar”, “Halanan harytlar”, “Ähli harytlar” bölümleri ýerleşdirilen. 

“Vip harytlar”  bölümine haryt goşmak üçin birnäçe şertleri ýerine ýetirmeli.

Ulanyjylar tarapyndan iň köp görülen harytlar awtomatiki ýagdaýda “Halanan harytlar” bölümine ýerleşdirilýär.

Täze goşulan harytlar yzygiderlilik boýunça “Ähli harytlar” bölümine ýerleşdirilýär.

Gerek bolan harydyň içine girilende harydyň markasy, goýlan senesi, bahasy, iň az satyn alma mukdary, haryt eýesi bilen habarlaşmak üçin telefon belgisi we salgysy ýaly maglumatlar ýerleşdirilen. 

Lomaý söwda platformasy ýurdumyzyň 5 welaýaty üçin hem niýetlenendir. Bu bolsa ulanyjylar üçin Türkmenistanyň islendik ýerinden onlaýn lomaý söwdanyň elýeter bolmagyna eltýär.

"lomaysowda.com" platformasy häzirki wagtda internetde web saýt arkaly öz hyzmatlary ýerine ýetirýär. Ýakynda, akylly enjamlar üçin programma üpjünçiligini ýola goýjakdygyny onuň resmi web saýty habar berýär.

"lomaysowda"platformasy barada soraglaryňyz bar bolsa ýa-da islendik teklipleriňiz bar bolsa onda www.lomaysowda.com web saýtynyň “habarlaşmak” menýusynda görkezilen maglumatlara ýa-da

info@lomaysowda.com elektron poçtasyna ýüz tutyp bilersiňiz.
 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar