Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Öýüňiz üçin dogry halyny nähili saýlamalydygy barada maslahatlar

0
16181

Öýüňiz üçin dogry halyny nähili saýlamalydygy barada maslahatlar

Haly -  bu islendik öýüň ýa-da otagyň aýrylmaz bölegidir. Haly islendik gurluşy üýtgedip bilýänligi bilen tapawutlanýar: otagy has oňaýly ýagdaýa getirmäge, ýyly saklamaga şeýle-de gereksiz sesleri azaltmaga mümkinçilik berýär. Dogry ýerleşdirilen haly, giňişligi tertipleşdirmäge we ep-esli üýtgetmäge kömek edýär. “Nowruz Haly”  kompaniýasynyň ýolbaşçysy Tirkiş Bekmämmedow bu barada birnäçe maslahatlary berýär.

1. Halyny haýsy otag üçin saýlaýandygyňyzy kesgitläň. 

Galyň ýüňli haly, dynç alynýan otag ýa-da myhman otagy üçin gelşikli emma eýwan ýa-da naharhana üçin oňaýsyzdyr. Bu otaglar üçin, gysga ýüňli halylary saýlaň sebäbi arassaçylyk işlerinde kynçylyk döretmez.

2. Önümiň düzümine üns beriň.

Gündelik durmuşda näçe gezek arassalap boljakdygyny pikirleniň. Öýüňizde çagalaryňyz ýa-da öý haýwanlaryňyz bar bolsa, şoňa görä oňaýlysyny saýlaň. Emeli ýa-da garyşyk materiallardan öndürilen halylary saýlamak has amatlydyr.

3. Halynyň ölçegini dogry saýlaň.

Täze haly satyn almak üçin dükana gitmezden ozal, onuň bilen bezemekçi bolýan otagyňyzyň meýdanyny ölçäň. Kiçi model, gerekli ýerleri aýratyn bellemäge kömek eder. 

4. Iň oňat görnüşini tapyň.

Halynyň şekili, ölçegi we reňki  otagyň içki görnüşine uly täsir edýär. Kofe içilýän stolda, diwanda we otyrgyçlarda ýiti burçlar agdyklyk edýän bolsa onda muny inedördül ýa-da gönüburçly haly hökman olary açyp görkezer.

5. Önümiň görnüşine üns beriň.

Myhman we dynç alyş otaglary üçin tüýjümek we ýumşak Marokkanyň halylary laýyk geler . Emma eýwan we naharhana üçin gysga sütükli ýa-da sütüksiz halylar has amatlydyr. Olara mynasyp görünerler we olara ideg bermek aňsat bolar Halynyň ýüzi  näçe tekiz bolsa, arassalamak aňsatdygyny ýadyňyzdan çykarmaň.

6. Haýsy reňkli we nagyşly haly size gerekdigini kesgitläň.

Has doýgun we ýyly reňkli halylar otagy görnüş taýdan daraldýar, sowuk reňkli halylar bolsa otagy has asuda we giň görkezýär. Uly nagyşly halylaryň kiçi otagda geregi ýok, ony duýmak üçin giňişlik we aralyk zerur bolup durýar.Häzirki zaman haly bazarynda dürli-dürli haly önümleriniň görnüşleri bar. Bu bolsa öndürijileriň we satyjylaryň arasynda uly bäsdeşlik döredýär. Şol sebäpli, “Nowruz Haly” kompaniýasynyň işgärleri, müşderilere ýokary derejeli amatlylygy we rahatlylygy üpjün etmek üçin elmydama döwrebap moda laýyk gelýän täze harytlary gözleýärler.

Kompaniýanyň haly önümlerini satýan birnäçe dükanlary bar. Öndürilýän önümleriň dürli-dürliliginden başga-da müşderiniň öz islegine görä şekilli görnüşdäki halylar hem öndürilýär.

Häzirki wagta çenli “Nowruz Haly” fabrigi tarapyndan öndürilen önümleriň aşakdaky görkezilen görnüşleri bar:

  •  Öý halylary;
  •  Ofis halylary;
  •  Oteller we myhmanhanalar üçin halylar;
  • Kiçi halylar;
  •  Hammam halylarynyň toplumy.

Ýokary hilli sintetik halylaryň (100% poliester) esasy artykmaçlyklary:

  • Gyzgyna (ýokary temperatura) çydamlylygy
  • Antibakteriýal süýşmeýän ýüzi, üsti;
  • Arassalamak aňsatlygy;
  • Girdeji bahasy;
  • Amatlylyk we rahatlylyk;

Her görnüşiň häzirki zaman dizaýnynda täze önümler bilen doldurylandygyny bellemelidiris. Geljekde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda bu haly fabriginiň dükanlarynyň açylmagy meýilleşdirilýär.

Doly maglumatlary şu salgydan alyp bilersiňiz.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar