Soňky habarlar

Arhiw

Ulag we logistika kompaniýasy: nähili işleýär

0
14173

Birnäçe kompaniýalar üçin işewürligiň we söwdanyň globallaşmagy şeýle-de üznüksiz we durnukly ösüş islegi, umumy kabul edilen kadalara laýyklykda önüm öndürmekde, önümler üçin içerki we daşarky satuw bazarlaryny gözlemekde we amatly logistika çözgütlerini tapmak bilen beýan edilýär. Bu Türkmenistanyň geografiki aýratynlyklaryndan peýdalanmagy ýokary derejä çykarmagy maksat edinýän Türkmenistanyň transport syýasaty, bu ugurdaky halkara ykdysady integrasiýany şeýle-de hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin döredilen logistika mümkinçiliklerine wagtyň geçmegi bilen talap bildirýär.

 “Ak ulag” ulag we logistika kompaniýasy, ýurduň içinde we dünýäde harytlary eltip bermek we mahabatlandyrmak üçin ýokary hilli we öz wagtynda hyzmat etmegiň esasy öndürijilik görkezijisine öwrüldi. Işiň esasy maksady, halkara derejesinde haryt daşamaga gatnaşýan ähli gyzyklanýan taraplara halkara ýük daşamagyň düzgünlerine laýyklykda we bu ugurdaky öňdebaryjy tejribäni göz öňünde tutmak bilen öz işlerini guramakda kömek bermek bilen baglanyşyklydyr.   

Häzirki wagtda “Ak ulag” kompaniýasy, 7 ýyldan gowrak wagt bäri halkara ýükleri daşamak we gümrük tarapyndan resmileşdirmek şeýle-de ugratmak üçin giňişleýin hyzmatlary berýär. Bu kompaniýa diňe bir Türkmenistana haryt getirmek bilen çäklenmän, GDA ýurtlaryna, Ýewropa, Hytaý, Türkiýe, Birleşen Arap Emirlikleri, Günorta Koreýa, Taýland, Singapur, Hindistan, Päkistan we başga-da birnäçe ýurtlara eksport etmek mümkinçiliklerini hem amala aşyrýar.   

Kompaniýa, müşderileriň, kärhanalaryň we guramalaryň isleglerine laýyklykda dürli ulag görnüşlerini ulanyp, haryt daşamak bilen bagly giňişleýin hyzmatlary hödürleýär. Olaryň arasynda demir ýol, gara ýol, howa we deňiz üsti arkaly toparlaýyn ýük daşamak, harytlary saklamak we birleşdirmek, gümrük taýdan resmileşdirmek ýük ugratmak, ýük goragy, harytlary eksport we import etmek, gümrük dellaly ýaly hyzmatlar bar. Mundan başga-da, hünär tejribesiniň ýokarylygy bilen önümleriň köp görnüşini dizaýn etmekde birnäçe başarnyklary gazanandyklary üçin Türkmenistanyň ähli ýerinde (islendik nokadynda) gümrük dellalynyň hyzmatlary hödürlenýär. Häzirki wagtda demir ýoly arkaly ýük daşamak has ýitileşdi. 

 Dürli maksatlar üçin ykdysady ýükler, Ýewropa ýurtlary bilen bir hatarda Russiýa, Gazagystan, Belarussiýa, Ukraýina ýaly döwletlere ugradylýar. 

“Ak ulag” kompaniýasy hünärmenlerine ýüzlenmek bilen, her bir ownuk zady özbaşdak gözden geçirmek kynçylygyny ortadan aýyrýar we islenilýän hyzmaty taýyn ýagdaýda size hödürleýär. Islendik önümiň dünýäniň bir ujundan beýleki ujuna daşalmagy üçin  gerekli resminamalaryň taýýarlanmak, töwekgelçileklireniň ýüze çykmagy, harydy ätiýaçlandyrmak ýaly kynçylyklar "Ak ulag" kompaniýasynyň hünärmenler toparyna düşýän wezipe bolup durýar.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar