Soňky habarlar

Arhiw

«Dahua» tehnologiýalary. Olar sizde barmy?

0
21364

«Rysgal kompýuter» bäş ýyl bäri Hytaýyň dünýä belli «Dahua Technology» kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi wekili hökmünde iş alyp barýar. Ol kompaniýanyň dünýä döwletlerindäki 53 resmi dileriniň biridir. Häzir kompaniýanyň önümlerine dünýäniň 180-den gowrak döwletinde gabat gelip bolýar.

20 ýyla golaý taryhy bolan döwrebap kompaniýanyň wideogözegçilik ulgamlary, sanly hasaba alyş toplumlary we elektron habar beriş gurluşlary bu gün diňe Hytaýda däl, bütin dünýäde meşhurlygyny artdyrýar. Olaryň barha kämilleşdirilmegi bolsa müşderileriň gyzyklanmalaryny ýokarlandyrýar. Şonuň üçin üçin hem «Rysgal kompýuteriň» hünärmenleri tarapyndan kompaniýadan alnyp gelinýän elektron gurluşlara biziň ýurdumyzda hem isleg barha köpelýär.

Häzir kompaniýanyň Türkmenistandaky dileri tarapyndan wideogözegçilik enjamlarynyň birnäçe görnüşi getirilip, ildeşlerimize hödürlenilýär. Olar ýaşaýyş jaýlarynda we edara-kärhanalarda ulanmak üçin örän amatlydyr.

Türkmen işewürleri tarapyndan getirilip, ornaşdyrylýan kameralaryň soňky nesilleri birnäçe aýratynlyklara eýe. Mysal üçin kameralaryň biri («Full-color») garaňky ýerlerde hem ähli reňkleri aýdyň saýgarmaga ukyply. Başga bir kamera bolsa 2 kilometr uzaklykdaky görnüşleri ýokary hilde ýakyna getirip görkezip bilýär. Şol sanda wideogözegçilik ulgamlarynyň soňky nesillerinde Internete birikdirmek hyzmaty elýeterlidir. Bu hyzmatyň üsti bilen Internetiň elýeterli bolan islendik nokadynda öýümizi, iş ýerimizi dolandyryp bileris.

«Rysgal kompýuter» müşderilerine kämil hasaba alyş ulgamyny hem hödürleýär. Mümkinçilikleriň uly toplumyndan ybarat bolan bu ulgam edara-kärhanalarda oturtmak üçin amatlydyr. Onuň kömegi bilen işgärleriň işe gelip-gidýän wagtlaryny anyk hasaba alyp bolýar.

Hytaý kompaniýasyndan ýurdumyza domofonlaryň — elekron habar beriş ulgamlarynyň hem iň kämil görnüşleri getirilip, müşderileriň isleglerine laýyklykda ornaşdyrylyp berilýär. Bu gurluşlaryň täze nesilleri WI-FI ulgamyna hem baglanyp bilýär. Şeýlelikde, öýe daşdan gelen islendik myhman baradaky habar telefonymyza geler. Biz öýde däl hem bolsak, domofony mobil enjamymyzyň üsti bilen dolandyryp bileris.

«Rysgal kompýuteriň» Hytaý kompaniýasyndan göwrümi 22-den 55 dýuma çenli bolan monitorlary getirip, gurnap berýändigini hem habar berýäris.

«Dahua Technology» kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi dileri — «Rysgal kompýuter» bilen habarlaşmak üçin: 

Salgy: Aşgabat ş., "Rysgal bank" binasynyň "B" blogy, 3 gat 306-nji dükan.

Tel: 

  • +993 12 96-49-39(29);
  • +993 62 90-61-90;
  • +993 61 41-91-61.

E-mail: rysgalcomputer@gmail.com.

Giňişleýin maglumat uçin: http://www.dahuasecurity.com
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar