Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

“Aksuw” hojalyk jemgyýetiniň öndürýän gön önümlerine bolan isleg gün günden artýar

0
18852

Türkmenistanda deri önümçiligi bilen meşgullanýan “Aksuw” HJ bu ýerli çig maly dünýä bazaryna çykaryp başlady. Önümiň Italiýa ugradylan ilkinji tapgyryna italýan hyzmatdaşlar tarapyndan deriniň hiline ýokary baha berilip ýewropa standartlaryna laýykdygy bilen bagly eýýäm çig malyň eksportynyň bu ýurda indiki tapgyryny ugratmak barada taýýarlyk işleri alnyp barylýar.    

Häzirki wagtda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Sünçe obasynda ýerleşen “Aksuw” kompaniýasynyň zawody Türkmenistanyň iň iri önümçiligi bolup, her gün umumy göwrümi takmynan 48 000 - 50 000 dm2 aralykda  bolan gön işlenip taýýarlanylýar. Bu ýerde Italiýanyň we Türkiýäniň häzirki zaman enjamlary ornaşdyrylan. Munuň netijesinde diňe bir ýokary tehnologiki önümçilik bilen çäklenmän, şeýle hem energiýa tygşytlaýjy we ekologiki taýdan arassa önümçilik hem amala aşyrylýar. Kompaniýa ýerli çig maly – iri şahly mallaryň derisi peýdalanýar. Uzagyndan biz ownuk şahly mallaryň we düýeleriň derisini ulanmaklygy göz öňünde tutýarys.

2015-nji ýyldan bäri “Aksuw” HJ “Muhammet-Balkan” HJ bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny alyp barýar. Şonuň netijesinde bu ýerde ýokary hilli ýerli, ekologiki taýdan arassa çig maly peýdalanmak bilen häzirki zaman we ýokary hilli aýakgap önümleriň dürli görnüşleri ýagny, erkek, zenan we çagalar aýakgaplaryny, beýleki deri-gön önümleriniň dürli görnüşleri işlenip taýýarlanylýar. Mundan başga-da, “Aksuw” HJ kiçi we orta kärhanalaryň birnäçesini gön bilen üpjün edýär. Bu bolsa öz gezeginde işleriň kämilleşmegine, göwrüminiň ýokarlanmagyna we iş orunlaryň sanynyň artmagyna itergi berýär.

Täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, dünýäniň öňdebaryjy tejribeleriniň özleşdirilmegi, maýa goýumlarynyň çekilmegi – bularyň ählisi “Aksuw” HJ-ne mallaryň ýerli görnüşlerinden alnan çig malyň gaýtadan işlenmeginiň göwrümini hem-de eksport kuwwatyny artdyrmaklyga mümkinçilik berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar