Arhiw

“Wi-Fi” routerda açarsözüni nädip çalyşmaly?

1
48135
“Wi-Fi” routerda açarsözüni nädip çalyşmaly?

Ýurdumyzda internetiň elýeter bolmagy bilen onuň ulanyjysynyň sany günsaýyn artýar. Şunuň bilen birlikde “näme üçin internet haýal?”, “näme üçin işlänok?”, “nädip internetiň balansyny doldurmaly?”, “nädip wi-fi açarsözüni çalşmaly?” we ş.m. ýaly soraglar ýüze çykýar. Bu gezek “Wi-Fi” açarsözüni nädip çalşyp bolýanlygy barada gürrüň bereris.

“Wi-Fi” açarsöz çalyşmagyň logikasy, ýagny etmeli ädimleriň yzygiderliligi ähli routerlerde deňräk diýsek ýalňyşmarys. TP LINK bolsun, Tenda bolsun ýa-da Xiaomi….

“Wi-Fi” torunyň açarsözüni çalyşmak örän ýönekeý. Ony aşakdaky birnäçe ädimleriň üsti bilen ýerine ýetirip bilersiňiz:

1. Kompýuter ýa-da ykjam enjamyňyzyň üsti bilen routera baglanmaly. Eger-de siz “Wi-Fi” torunyň adyny bilýän bolsaňyz, onda şoňa baglanyň. Mysal üçin TP-LINK 1535.

2. Indi bolsa routeriň interfeýsine, ýagny menýusyna girmeli. Kompýuteriňizde ýa-da ykjam enjamyňyzda islendik brauzeri açyp, routeriň adyny ýazmaly. Muny bilmek üçin routeriňiziň arkasyna serediň. Mysal üçin http://tplinkrouter.net ýa-da adatça şu adreslerde http://192.168.1.1 ýa-da http://192.168.0.1. Ýa-da “Wi-Fi” routeriňiziň ýany bilen çykýan ulanyş düzgüni kitapçasynda bular ýazylgy bolýar.

Soňra ulanyjy adyny we açarsözüni soraýan penjire açylar. Ol setirlere degişlilikde “admin” we “admin” ýazmaly (goşa dyrnaksyz). Bular adatça öndüriji kompaniýasy tarapyndan berilýän ulanyjy ady we açarsözi bolup durýar. Gelejekde bulary, şol sanda “Wi-Fi” routeriň sazlamalar sahypasynyň IP salgysyny degişli menýularyň üsti bilen üýtgedip bilersiňiz.

3. Indiki ädimde “Wi-Fi” routeriň sazlamalar sahypasyndaky menýularyň sanawy açylar.

Içine gireniňizden soň Wireless  menýusyny gözläň. Wireless  menýusyna basyp password ýa-da parol diýen setirde “Wi-Fi” toruňyzyň açarsözüni  üýtgedip bilersiňiz. Üýtgedeniňizden soňra “Save” (ýatda saklamak) düwmesini basmaly we penjireden çykmaly. Soňra açarsözüňiziň üýtgäp-üýtgemändigini barlap bilersiňiz.

Üns beriň, routeriňizi sazlamak işleri şol ugurdan hünärmen adamlar tarapyndan ýerine ýetirilse dogry bolar. Açarsözüňizi çalyşjak bolup routeriňizi işjeň däl ýagdaýa getirip bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar