Soňky habarlar

Arhiw

Kelle beýniniň çişini bejermekde ýetilen täze sepgitler

2
47495

Professor, doktor Ilhan Elmajy – Acibadem Maslak klinikasynyň iň gowy hünärmenleriniň biri. Onuň ady dünýäniň köp ýurtlarynda meşhurdyr. Oňa kelle beýnisinde çiş dörän hassalar ýüz tutýar. 

Doktor Ilhan Elmajy kelle beýnidäki islendik çişiň beýnä basyş edip, onuň ýaşaýyş üçin möhüm bolan wezipeleriniň bozulmagyna getirýändigini düşündirýär. Olar köplenç beýniniň girmesi kyn nokatlarynda ýüze çykýar. Çişi ýok etmeklik hirurgdan maksimal derejede takyklygy talap edýär, çünki sagdyn dokumalaryň zyýan görmegi juda agyr netijelere getirip biler. 

Yzygiderli kämilleşmek bilen klinikanyň hünärmenleri bu keseli bejermekde üstünlikli netijeleri gazandylar. Häzirki wagtda operasiýadan soňra kelle beýnide ýüze çykyp biljek kynçylyklaryň döremegi bary-ýogy 2%-e barabardyr. 15 ýyl mundan öň bu görkeziji 10-15%-di. Professor: “Islendik ýagdaýda bejergi özbaşdak saýlanýar, köplenç bolsa operatiw birleşme ýeke-täk çykalga bolup galýar” diýýär. 

Haçan howsala yglan etmeli.

Acibadem Maslak klinikasynda kelle beýnidäki çiş, haçanda ol üstünlikli bejergä alynanda irki döwürlerinden başlap diagnoz edilýär. Täze emele gelen çişler näçe ir aýrylsa, şonça-da ýaşaýyş üçin ähmiýetli bolan bölümlere zyýan ýetme mümkinçiligi az bolýar. Neýrohirurg “çiş 4-nji döwrüne çenli ýetýänçä garaşyp, ömrüňiz bilen töwekgelçilik etmeli däldigini” duýdurýar. 

Çiş emele gelmeginiň alamatlary hökmünde ýygy-ýygydan döreýän kelle agyrylar, yzygiderli ýarawsuzlyklar, el-aýagyň guruşmagy, ýadyň ýaramazlaşmagy, deňagramlylygyň ýitmegi görkezilýär. Şeýle-de, professor Ilhan Elmajy yzygiderli dartgynly ýagdaýda (stressde) bolmaklygyň, zyýanly iýmitleriň iýmegiň, alkogol ulanmagyň we çilim çekmegiň täze çişleriň döreme mümkinçiligini artdyrýandygyny düşündirýär.

Acibadem klinikasynyň hünärmenleri dogry diagnoz goýmak üçin problemany başlangyç döwründe kesgitleýän häzirki zaman anyklaýyş enjamlaryny ulanýarlar. 

Täze tehnologiýalar – şowly bejerginiň girewi

Kelle beýniniň çişini bejermek bilen lukmanlar topary meşgullanýar. Onuň düzümine radiologlar, onkologlar, newrologlar, neýrohirurglar we neýroanesteziologlar girýär. Olaryň bilimi we tejribesi iň bir çylşyrymly problemalary ýeňip geçmäge we keselden üstün çykmaga mümkinçilik berýär. Operatiw ýardam öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak arkaly berilýär. 

Professor Ilhan Elmajy operasiýa otagynda, hassanyň narkozdalygyna ýa-da däldigine garamamazdan, beýniniň elektrik işjeňligininiň üznüksiz bahalandyrylýandygyny aýdyňlaşdyryp, neýromonitoringde gözegçilik edýär. Şol bir wagtyň özünde hem ýaşaýyş ähmiýetli wezipelere jogap berýän bölümleriň ýerleşişini kesgitlemek we beýniniň umumy işini barlamak üçin neýroradiologik barlaglar geçirilýär. 

Islendik adamyň kelle beýnisi belli bir aýratynlyklara eýedir. Lukman olary operasiýadan öň anyklaşdyrýar. Täze tehnologiýalaryň, ýörite programma üpjünçiliginiň ulanylmagy bu işi ýokary derejede ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Neýroradiologlar çişiň ýerleşme nokadyny ýokary takyklykda kesgitläp bilýärler. Neýromonitoring saýasynda beýniniň ýönekeý göz bilen görüp bolmaýan inçe gurluşlaryna zyýan ýetme ähtimallygy ep-esli peselýär. 

Aýratyn kynçylyk döredýän ýagdaý öýkeniň, süýt mäzleriniň, limfalaryň rak bilen kesellemegi netijesinde beýnä ýaýrap bilýän metastazlary bejermekde ýüze çykýar. Klinikada Gamma Knife-ň kömegi bilen munuň hötdesinden gelýärler. Bu sagdyn dokumalara zyýan ýetirmezden, bejergi şöhlesiniň mukdaryny maksimal dereje takyklykda ulanmaga mümkinçilik berýän iň täze tehnologiýadyr. 

Doktor Ilhan Elmajy Acibadem klinikasynda kelle beýnisinde çişi bolan hassalaryň bejergi işiniň agzybir, bitewi bir topar bilen iň täze tehnologiýalary ulanmak arkaly amal edilýändigini we şunuň netijesinde hassanyň ýagdaýynyň kompleksleýin bahalandyrylýandygyny hem-de üstünligiň maksimal dereje üpjün edilýändigini nygtaýar.

Acibadem-de ajaýyp hyzmatlar toplumy.

Acibadem klinikalar tory 1991-nji ýylda esaslandyryldy. 4 ýurtda, 21 sany klinikada we 14 sany lukmançylyk merkezlerinde saglygy goraýyş hyzmatlaryny hödürleýär. Acibadem-de 3 500 sany lukman we 4 000 sany şepagat uýasy bilen birlikde 22 500-den gowrak adam zähmet çekýär. Häzirki wagtda Acibadem klinikalar tory A-klass lukmançylyk hyzmatlar standartlary boýunça anyklaýyş we bejeriş işleri bilen üpjün edýär. Bu klinikalar torunyň alyp barýan ýokary hilli işini Joint Commission International ykrar edendigini-de bellemek gerek. Acibadem innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly, şol sanda keselleri anyklamakda hem-de bejermekde onkologiýa, EKO, neýrohirurgiýa, ortopediýa, kardiologiýa, ginekologiýa, sport lukmançylygy... we beýleki ähli lukmançylyk ugurlary boýunça uly hyzmatlar giňişligini öz içine alýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar