Soňky habarlar

Arhiw

Çarwa nowruzy

0
3160

Ata-ba­ba­la­ry­my­zyň en­çe­me ýyl­lar­dan bä­ri do­wam et­di­rip gel­ýän mil­li se­ne­na­ma­sy bo­ýunça 22-nji few­ral­da çar­wa now­ru­zy baş­lan­ýar. Ol 21-nji mar­ta çen­li bo­lan döw­ri oz içi­ne al­ýar. Eý­sem, bu döw­re nä­me üçin «Çar­wa now­ruzy» di­ýil­di­kä? Ine, şu so­wa­la jo­gap al­mak üçin, bir­nä­çe ýa­şu­ly çar­wa­lar we mi­ras­gär­ler bi­len söh­bet­deş bol­duk. Iň so­ňun­da ola­ryň be­ren gür­rüň­le­ri­ni jem­läp, şeý­le ne­ti­jä gel­dik. Çar­wanyň bar baý­ly­gy — onuň ma­ly. «Ma­lym — janym» di­ýip, bü­tin ýy­lyň do­wa­myn­da zäh­met çek­ýän ço­pan hut şu dö­wür­de mal­la­ryn­dan önüm al­ýar. Eý­ýäm Now­ru­za çen­li gül­li säh­rany ow­lak-gu­zu­la­ryň mä­leş­ýän ses­le­ri bi­len doldu­ran mal­dar öz zäh­me­ti­niň ne­ti­je­sin­den göwni hoş bo­lup, ge­ze­gi daý­ha­na ber­ýär. Şun­dan soň daý­han hem bi­li­ni mä­käm gu­şap, top­ra­ga to­hum se­pip baş­la­ýar. Edil şu dö­wür­de çar­wa sa­ça­gy­ny giň­den ýa­zyp, owuz süý­dün­den taýýar­la­nan sar­gan­ma­ýa­ny oba-goň­şu­la­ra hö­dürke­rem ed­ýär. On­dan bir ge­zek da­dan yn­san bu aja­ýyp ta­ga­myň lez­ze­ti­ni hiç wagt ýa­dyn­dan çy­kar­maz. Ine, şeý­dip çar­wa now­ru­zy­nyň her bir gü­nü­ni tä­ze do­gul­ýan ow­lak-gu­zu­la­ryň sesle­ri bi­len be­ze­ýän mal­dar­lar bu döw­ri öm­rü­niň iň go­wy gün­le­ri di­ýip ha­sap­la­ýar. Şu dö­wür­de ýaz­la­ga çy­kyp, gün­diz­le­ri­ne go­ýun-ge­çi sa­gyp, gi­je­le­ri­ne bol­sa Aýyň ýag­ty­sy­na lä­le kak­ýan gyz-ge­lin­ler bol­sa bu döw­re aý­ra­tyn be­zeg berip­dir­ler. Nus­ga­wy şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly Pyra­gy bu döw­ri şeý­le su­rat­lan­dyr­ýar:

Al-ýa­şyl bü­re­nip çy­kar pe­ri­si,

Kük­e­ýip bark urar an­ba­ryň ysy...

Çar­wa now­ru­zy döw­rün­de do­g­lan gu­zu­lar sag­dyn bo­lup, çalt ke­ma­la gel­ýär­ler. Se­bä­bi olaryň em­ýän owuz süý­di ho­wa­nyň sal­kyn wag­ty gu­zy­nyň gar­nyn­da tiz we go­wy öz­leş­ýär. Ine, şun­dan ugur al­mak bi­len, ço­pan do­war­lar­dan ow­lak-gu­zy al­mak möw­sü­mi­ni mar­tyň aýa­gy­na çen­li ta­mam­la­ny­ny kem gö­re­nok. Çar­wa now­ruzy ow­lak-gu­zy üçin iň amat­ly dö­wür bo­lup durýar. Şeý­le-de bol­sa kä­bir ýyl­lar­da gy­şyň öz or­nuny ýa­za ber­ýän döw­rün­de gar hem ýa­gy­ber­ýär. Em­ma ol sä­hel wagt­lyk bol­ýar. Ýe­re ýy­ly gi­densoň, gar nä­çe ga­lyň ýogsa-da, hä diýmän, eräp gu­tar­ýar. Soň säh­ra aja­ýyp bir gör­nü­şe gir­ýär. Meý­dan ot­la­ry dö­kün ber­len ýa­ly gü­nü­ni sa­nap, ösüp baş­la­ýar. El­bet­de, gü­lüň ti­ken­siz bol­maý­şy ýa­ly, säh­ra­nyň şeý­le gö­zel­li­gi­niň için­de mal-gara­nyň ýa­gy­sy-da ýe­ter­lik. Sa­kyrt­ga, iç­ýan, möý, ýy­lan ýa­ly jan­dar­lar ýe­re ýy­ly gi­den des­si­ne oýanyp baş­la­ýar­lar. Bu ýag­daý mart aýy ta­mam­lanyp, ap­rel aýy­nyň gel­me­gi bi­len has-da äş­gär duý­lup, ol eý­ýäm ho­wa­nyň gy­zyp baş­la­ma­gy bilen bol­sa howp­ly hä­si­ýe­te eýe bol­ýar. Hut şo­nuň üçin-de, ço­pan­lar mart aýy­nyň aýa­gy­na çen­li tä­ze dog­lan ow­lak-gu­zu­la­ryň-da otuk­ma­gy­ny ga­zan­ýar­lar. Şeý­le­lik­de, çar­wa now­ru­zy ço­panço­luk­la­ryň dur­mu­şyn­da iň bir aý­gyt­ly dö­wür bolmak bi­len, türk­men säh­ra­sy­nyň-da jan­lan­ýan döw­ri ha­sap­lan­ýar. Giň säh­ra­da 6-8 ga­nat­ly ak öý­le­ri di­kip, ýaz­la­ga çy­kan çar­wa­nyň dur­mu­şynda iň bir şat­lyk­ly, be­re­ket­li gün­ler baş­lan­ýar. Her gün­de on­lar­ça go­ýun-ge­çi­ni kö­ke­rip sag­ýan we on­dan peý­nir, ga­tyk, süz­me, gurt ýa­ly ta­gam­ly önüm­le­ri ön­dür­ýän çar­wa ge­lin-gyz­la­ry türk­meniň Hy­dyr ge­zen säh­ra­sy­nyň gör­kü­ni has-da gel­şi­gi­ne ge­tir­ýär­ler.

Makala «Türkmenistan» gazetiniň 2020-nji ýylyň 22-nji fewraldaky sanyndan alyndy. Awtory: Hudaýberen ABRAÝEW.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar