Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ýaşlar we mahabat

0
1836

Global marketingiň we bäsdeşligiň ýokary tizlik bilen ösýän döwründe kompaniýalar üçin  haryt satuwyny ýokarlandyrmaklygyň iň gowy we täsirli ýoly mahabatlandyrmadyr. Biz häzirki wagtda gazet, žurnal, radio, telewideniýe, internet ýaly köpçülikleýin habar beriş serişdelerinden başlap, tä dükanlaryň penjirelerine, duralgalara, ýollara, hatda jemgyýetçilik ulaglaryna çenli hem mahabatlar bilen gurşalan dünýäde ýaşaýarys.

Köpler mahabatyň täze öndürilen harytlar barada maglumat berijilik häsiýetiniň ýokarydygyny nygtasalar-da, bu berilýän maglumatlaryň nä derejede dogrudygy welin ýene-de şonçarak adamy oýlandyrýar. Çünki täze çykan haryt barada diňe maglumat bermekligiň özi onuň satuwyny ýokarlandyrmaýar. Hut şu nukdaýnazardan-da, haryt öndürijiler adamlaryň ruhy dünýäsine täsir edip biläýjek mahabatlary göz öňünde tutýarlar.

Mahabatlarda esasy öňe saýlanýan aýratynlyk onuň haýsy ýaş toparyna degişliligidir. Munuň üçin ilki bilen harydynyň satuwyny ýokarlandyrmak isleýän kompaniýa internet ýa-da telefon üsti bilen ýörite pikir soraşma geçirýär. Şeýlelikde ol jemgyýetde haýsy ýaş toparlaryň öz öndürýän harydyna has köp zerurlyk duýýandygyny ýüze çykarýar.

Bu günki gün bütin dünýäniň mahabat sektorynyň 30%-i çagalara we ýene-de şonçaragy hem ýaşlara niýetlenilen mahabatlardan ybaratdyr. Çünki ýaşlar elmydama daş-töwerekde bolup geçýän üýtgeşmelere juda üşükli bolýar. Olar täzeçilligi kabul etmekligi, öz deň-duşlaryndan nähili hem bolsa bir ugurda öňe saýlanmaklygy, daş-töweregindäkileriň ünsüni özüne çekmekligi, gowusyndan-gowusyny satyn almaklygy, özbaşdak söwda etmekligi, özleri üçin rahatlygy döretmekligi... halaýarlar. Ýaşlaryň bu aýratynlyklary bolsa mahabat sektorynda iňňän möhüm rol oýnaýar.

Çagalara iň gowy täsir edýän mahabatlar olaryň höwes bilen tomaşa edýän multfilm gahrymanlarynyň üsti bilen amala aşyrylýar. Şonuň üçin hem dürli süýji önümleriň, oýnawaçlaryň, wideo oýunlaryň mahabatlarynda multifilm gahrymanlary çagalary özleri bilen oýnamaklyga çagyrýar. Bu bolsa çaganyň aňyna tiz ornaşýar. Elbetde, çaga mahabata tomaşa edeninde harydy satyn aldyrmak niýeti bilen tomaşa etmeýär. Ol diňe özüne çekiji şekilleri görmekden lezzet alýar. Emma haçan-da şol harydy gören ýerinde ony her edip, hesip edip satyn aldyrmaga çalyşýar.

Geçirilen ylmy-barlaglara görä, mahabatlaryň dürli ýaş toparlaryna täsir ediş güýji şeýleräkdir: 0 – 5 ýaş 20%; 5 – 7 ýaş 55%; 7 – 10 ýaş 62%; 10 – 15 ýaş 70%; 15 – 17 ýaş 85%.

Ýokardaky berlen maglumatlara ser salanymyzda hem ýaşyň ýokarlanmagy bilen mahabatlaryň täsir ediş güýji hem artyp başlaýar. Çünki uly ýaş toparlara gönükdirilýän mahabatlarda durmuşda haýsy-da bolsa bir kynçylygyň hötdesinden gelmekde diňe we diňe şol harydyň iň gowy çözgütdigine ynandyrylýar. Munuň üçin mahabatlar köpçülikleýin habar beriş serişdelerine berilemezden öňürti ençeme psihologik synaglardan geçirilýär. Mysal üçin teleýaýlymda goýberilýän mahabatlaryň haýsysyny alanymyzda hem onuň ýaşlar üçin möhüm bolup görünýän meseläni, aýdaly: saçlaryň dökülmegi, goňaklamagy ýa bolmasa gyzlaryň ýa-da oglanlaryň seni halamazlygy ýaly meseler öň hatara çykýar. Şonuň üçin hem şeýle mahabata tomaşa eden ýetginjek derrew özündäki meseleler barada oýlanyp, ony çözmekligiň ýeke-täk ýoly hökmünde mahabatlandyrylýan harydy satyn almak barada pikir edip başlaýar.

Bolliwudyň meşhur aktýory Şahruh Hanyň, angliýaly futbolçy Deýwid Bekhamyň “Pepsi” atly gazlandyrylan içgini, futbol dünýäsiniň tanymal oýunçylary Kriştiano Ronaldunyň “Clear” atly şampuny, fransiýaly Terry Anriniň “Nike” firmasynyň önümlerini ... mahabatlandyrýandyklaryna tomaşa etmedik ýok bolsa gerek. Çünki mahabatçylar ýaşlaryň ünsüni çekmekde olaryň söýgüli aýdymçylarynyň, aktýorlarynyň, aktrisalarynyň, sportsmenleriniň... kömeginden peýdalanýarlar. Olar bolsa her bir mahabata surata düşenligi üçin millionlarça dollar girdeji gazanýarlar.

***

Heniz çagakak teleýaýlymda “Ýupi” atly suwa garylyp taýýarlanylýan şireli içginiň ýörite garyndysy mahabatlandyrylýardy. Mahabatda onlarça ýaş ýetginjekleriň şol şireli içgiden bary-ýogy bir bulgur içip-içmänkä özlerini şeýle keýpikök, şadyýan, ruhubelent duýýandyklary suratlandyrylýardy. Men ol içgini jadylydyr öýdýärdim. Günlerde bir gün kakam uzak ýerden geleninde maňa şol “jadyly” içginiň suwa garyp  taýýarlanylýan garyndysyny getirip berdi. Daşynda 1 liter suwa garmaly diýlip ýazylan bolsa, men ony 2 liter suwa gardym. Çünki men has köpräk şatlanmak isleýärdim. Şol gün agşama çenli 2 liter suwuň baryny özüm içdim welin, mahabatdaky keýpiköklüg-ä beýle-de dursun, hatda içimi julkuldadyp hiç ýana gozganyp hem bilmedim.

***

Hawa, mahabatlaryň baş maksady adamlarda belli bir haryda bolan isleg-arzuwy döretmekden ybaratdyr. Bu bolsa durmuşda bagtyýarlygy maddy zatlar bilen baglanyşdyrmaga sebäp bolýar. Haçanda ýaş ýetginjek mahabatlandyrylýan geýime ýa-da elektronik enjama eýe bolanda ol özüni bagtly duýýar. Emma maddy zadyň könelişi ýaly, soňabaka onuň bagtyýarlygy hem kem-kemden ýitip ugraýar.

Häzirki wagtda dünýä ýaşlarynyň aglabasynda duş gelýän gynandyryjy ýagdaý, ol hem ýetginjekleriň mahabatlardaky şahsyýetlere meňzemek islegidir. Bu bolsa ýaşlaryň gylyk-häsiýetini, dünýägaraýşyny üýtgedýär we öz şahsyýetini hem-de milliligini ýitirmegine getirýär. Munuň üçin bolsa mahabatlara tomaşa edenimizde olary 100% dogry diýip kabul etmekligiň ýerine, bir azajyk tankydy nazar bilen garamak, ýa-da bolmasa şol harydy satyn almazdan öňürti öz ýakynlarymyz bilen maslahatlaşyp görmeklik has dogry kabul edilýär. 

Makalanyň awtory: Şageldi Ýabanow

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar