Noutbugyňyzyň zarýady çalt gutarýan bolsa...

0
2881

Noutbugyň iň esasy aýratynlyklarynyň biri hem ony islän ýerimizde ulanyp bilmek mümkinçiligidir. Emma islän ýerimizde ony toga çatyp, zarýada goýmak mümkinçiliginiň bolmaýanlygy welin, köplenç halatda biziň noutbugymyzyň zarýadynyň çökmegi bilen tamamlanýar we edip otyran işimiz bitmän galýar. Eýsem, noutbugymyzyň zarýadyny uzak wagtlap saklamak mümkinmi?  Ine, munuň üçin size birnäçe degerli maslahatlar.

Noutbugyňyzyň monitorynyň ýagtylygyny sazlaň. Monitoryň aşa ýagty bolmagy batareýanyň zarýadynyň hem çalt gutarmagyna getirýär. Monitoryň ýagtylygyny iň pes derejesinde goýmaklyk noutbugyň zarýadynyň uzak saklanmagyna ýardam edýär.

Juda zerur bolmasa, birden köp programmany bir wagtda işletmäň. Çünki her programmanyň kompýuteriň işjeňligine we onuň güýjüne edýän täsiri tapawutlydyr. Bu bolsa batareýanyň zarýadynyň artykmaç sarp edilmegine sebäp bolýar.

Noutbugyňyzyň umumy ýadynda boş ýer näçe kän bolsa, şonça-da oňa az agram düşýär. Şonuň üçin hem gerekmejek maglumatlaryňyzy noutbugyňyzdan öçüriň.

“Arassaçylyk saglygyň girewidir” diýlen nakyl diňe bir ynsan saglygyna däl, eýsem, siziň noutbugyňyzyň hem akgynly işlemegine, zarýadyny tygşytly ulanmagyna-da degişlidir. Şonuň üçin hem noutbugyňyzyň howa çalyşýan deşiklerini arassa tutuň.

Ýokarda-da belläp geçişimiz ýaly, noutbugyň howa çalyşýan deşikleri, wentilýatoryň agzy köplenç ýapyk galýar ýa-da olar hapa bilen dolýar. Howa çalşygynyň talabalaýyk bolmazlygy, noutbugyň gyzyp işlemegine, netije-de bolsa batareýanyň çalt çökmegine getirýär. Mümkin boldugyndan dyzyňyzyň üstünde goýup işläniňizde, howa çalyşýan deşiklerini ýapmajak boluň.

Häzirki wagtda ulanylýan Li-ion batareýalary üçin munuň degişli däldigini aýtsalar-da, noutbugyňyzyň zarýady doly gutarýança ony zarýada goýmaň.  Goýanyňyzdan soňra bolsa ony dolýança tokdan aýyrmaň.

Eger-de noutbugyňyzyň ýany bilen gelen adapteri ulanýan bolsaňyz, onda känbir mesele hem ýok. Emma adapteri soň satyn alan bolsaňyz, onda onuň batareýany talap edilýän elektrik güýji bilen üpjün etmeýän bolmagy ahmal.

Kompýuteriň işjeňligini pese gaçyrýan ýagdaýlaryň ýene biri hem operatiw ulgamyň arkasynda işleýän programmalardyr. Muňa mysal edip, kompýuterimiz açylanynda biz buýruk bermesek hem awtomatik usulda özi açylýan programmalary – sözlükleri, käbir serwisleri, internet sahypalaryny we beýlekileri görkezmek bolar. Şu programmalaryň işleýşiniň kadalaşdyrylmagy hem noutbugyň zarýadyna täsir edýär.

Noutbugyňyzy uzak wagtlap toga çatyp işlejek bolsaňyz, onda onuň batareýasyny aýryp işläp bilersiňiz. Bu bolsa batareýanyň gaýta-gaýta zarýad alyp, edil şonuň ýaly hem tiz-tizden çökmeginiň öňüni alýar.

CD/DVD okaýjylarynyň boş bolmagyna üns beriň. Okaýyjylaryň içinde ykjam diskleriň galmagy, noutbugyzyň zarýadynyň köp sarp edilmegine getirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar