Çaga zehinine täsir edýän esaslar

0
4264

Çaga we aýdym-saz

Kä wagtlar telewizorda gulaga ýakymly aýdym ýa-da saz ýaňlanaýsa çagalaryň entek juda ýaşdygyna garamazdan, şoňa goşup sazlaşykly hereketleri edýändigine şaýatlyk edýäris. Biz hem oňa “tans edýär” diýýäris. Eýsem, çagalar saza, ritme, has dogrusy, notalara düşünýärmikä?!

ABŞ-nyň PNAS žurnalynyň habar bermegine görä, Italiýanyň Milan şäherinde ýerleşýän Wita-Salute del San Rafaele uniwersitetiniň alymlary ýaş çagalaryň saza bolan duýgurlygyny seljermek maksady bilen ylmy-barlag işlerini geçirdiler. Geçirilen barlaga laýylykda, 1 – 3 günlük bäbekleriň 18-sine 3 dürli saz diňledilýär. Sazlaryň birinjisiniň notalary sazlaşykly, ikinji we üçünji sazlaryň käbir notalary bolsa bir nota aşakdan ýa-da bir nota ýokardan çalynýar. Bäbeklere 3 sazyň hersi aýratynlykda diňledilende ýörite enjamyň üsti bilen olaryň beýnileriniň işleýiş prosesi synlanylýar. Netijede, birinji saz beýniniň sag ýarym şarynyň işjeňligini artdyrýar. Ikinji we üçünji, ýagny käbir notalary aşak ýa-da ýokary sazlar bolsa doly sazlaşygy berip bilmänsoň, beýniniň işjeňligini pese gaçyrýar. Şonuň üçin hem alymlar çagalara entek bäbeklikden başlap, saz diňletmekligiň örän oňyn netije berjekdigini, emma sazyň örän kämil bolmaklygyna üns berilmelidigini öňe sürýärler.

Çaga we surat

Ilkinji galam, ilkinji surat depder, ilkinji top... megerem, köp adamyň ýadynda bolsa gerek. Öýüňde özüňden uly mekdebe gatnaýan doganlaryň dagy bolaýsa, ogrynça olaryň reňkli galamlaryny alyp özüňçe surat çekmegiň lezzeti  başgaça bolýar. Topjagazlar, güljagazlar, kebelejikler, guşjagazlar, agaçlar, soňabaka öýler, al-ýaşyl meýdanlar, ir-iýmişler... her bir çaganyň surat depderiniň sahypalaryny bezeýän başlangyç şekillerdir.

Surat munuň özi aýratyn bir dünýä, aýratyn bir duýgudyr, dünýägaraýyşdyr. Reňkleriň üsti bilen pikirleriň, hyýallaryň kagyza nagyş edilmegidir. Çagalaryň zehin taýdan kämilleşmeginde, olaryň hyýaly döredijiliginiň, pikirlenmek ukybynyň, sungata bolan söýgüsiniň artmagynda, ynam, wepalylyk, watansöýüjilik ýaly duýgularyň kemala gelmeginde surat çekmekligiň möhüm orny bar.  Dürli reňkli galamlary gezekleşdirip ulanmak arkaly çagalar reňkleriň syrly dünýäsine aralaşýarlar. Reňkleriň täsirini duýmaga başlaýarlar. Çaganyň çeken her bir suraty päk dünýägaraýşy kemala getirýär. Eger-de çaga maşgalada asuda we rahat terbiýelenýän bolsa, onda onuň suratlarynda hem asudalyk, parahatlyk höküm sürýär. Parahat, asuda reňkler köp ulanylýar. Bu bolsa kemala gelýän çaganyň gylyk-häsiýetiniň hem asuda bolmagyna özüniň oňyn täsirini ýetirýär.

Mekdep ýaşyna ýetmänkä surat çekmäge başlan çagalar iň bärkisi, galamyň tutulyşyndan başlap, dürli geometrik şekilleri çyzmaklyga çenli köp zady: reňkler bilen işleşmegi, tebigaty, adamzady söýmegi öwrenýärler, gowy endikleri we ajaýyp gylyk-häsiýetleri edinýärler. Bu bolsa olaryň mekdepde hem öwredilýän bilimleri tiz özleşdirmeklerine, deň-duşlary bilen gowy aragatnaşyk saklamaklaryna, hyýaly dünýäsinde dürli mysallary oýlap tapmaklaryna, abstrakt düşünjeleri aňyna tiz ornaşdyrmaklaryna ýardam edýär.

Çagalar hakykaty bolşy ýaly görmegi we ony bolşy ýaly hem beýan etmegi başarýarlar. Surat çekmek çagalaryň sözleýiş endiginiň hem kämilleşmegine ýardam edýär. Ýatkeşligini ösdürýär. Soňy bilen çagalyk döwrüni ýatlamaga we ondaky iňňän kiçijik wakalary hem durmuş kitabynyň sahypalaryna nagyşlamagyna kömek edýär. Olary oýlap tapyjylyga ugrukdurýar.

Emma käte ata-eneler öz çagalarynyň surat, aýdym-saz ýa-da sport ýaly ugurlar bilen gyzyklanmagyny däl-de, has düýpliräk matematika, fizika, daşary ýurt dili ýaly derslere ünsüni gönükdirmek isleýärler. Şonuň üçin hem beýleki sapaklaryna päsgel berip biler diýen düşünje bilen çagalarynyň wagtyny surat çekmeklige sarp etmeklerini islemeýärler. Ýöne bu ýagdaý çaganyň gaýtam, beýleki sapaklaryndan has hem pese gaçmagyna sebäp bolup biler. Çünki çagalaryň surat çekmek üçin sarp edýän wagtynda olaryň beýnisiniň pikirleniş, oýlap tapyş işjeňligi diýseň ýokarlanýar.

Çaga we oýunjak

Çagajyk kemiş-kemiş edip, telewizora tomaşa edip oturan kakasynyň ýanyna gelýär:

-  Kaka, näme üçin maňa dükandaky şol diýen oýunjagymy alyp bermediň?!

Kakasy biraz gataňkyrlanyp:

-  Oglum, ojagaz oýunjaga-da şonça pul berlermi?! Näme etjek ony? Barybir döwüp, taşlarsyň. Onsoň tölän puluň ýele sowrulan ýaly bolar. Gel, meniň ünsümi bölme-de, şu ýerde sesiňi çykarmanjyk otur. 

Eýsem, durmuşda ata-ene bilen çaganyň arasynda ýokardaky ýaly gepleşikler az bolmaýar. Sebäbi köplenç halatda ata-eneler oýunjak satyn almaklyga puly biderek sowmak hökmünde garaýarlar. Emma bu hakykatdan hem şeýlemikä?! Çaga üçin oýunjak möhümmi, dalmi?! Eýsem, çagalarymyza oýunjak satyn alanymyzda nämelere üns bermeli? Geliň onda, şu sowallara jogap bermäge çalyşalyň!

Bagtyýar çagalyk oýundan, gülküden, şatlykdan ybaratdyr. Bu bir gysga wagtlyk döwürdir. Çünki belli bir ýaşa gelensoň-a çaga ýalbaryp hem oýun, oýunjak oýnadyp bolmaýar. Şonuň üçin hem ýaşlykda oýunlar çaganyň kemala gelmeginde möhüm orny eýeleýär. Ony durmuşa taýýarlaýar. Elbetde, şol oýunlaryň esasy serişdesi bolan oýunjaklar hem çaganyň ruhy taýdan ösüşine özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Oýunjaklar çaganyň özbaşdak çözgüt tapmagyna, dünýägaraýşynyň, pikir-hyýallarynyň giňelmegine we dürli ukyplary gazanmagyna, dogry hünäri saýlap almagyna ... ýardam edýär.

Çagalaryň söýüp oýnaýan dürli oýunjaklary olaryň şekil, reňk, ölçeg düşünjeleriniň ösmegine, dostlary bilen bilelikde oýnanlarynda öz aralarynda sabyrly hem-de ylalaşykly bolmagyna, jemgyýetçilik durmuşyndaky zerur häsiýetleri, endikleri edinmegine... ägirt uly ýardam edýär. Aslynda, çagalaryň oýunjaklary döwmekleri hem oýnuň bir bölegidir. Olar oýunjaklary söküp, düzüp, goparyp, aýryp onuň içinde näme bardygy hakyndaky bilesigelijiliginiň soňuna çykýarlar. Şeýlelikde, çagalarda gözleg geçirme, seljerme endikleri kämilleşýärler.

Çagalaryň ýaşyna görä oýunjak alyp bermeklik hem örän möhümdir. Çünki oýunjaklaryň çaganyň ýaşyna kybapdaş bolmaklygy, olaryň ruhy taýdan ösüşine has-da täsir edýär. Olary ýadatmaýar. Şonuň üçin hem oýunjaklary olaryň harytlyk nyşanlaryndaky ýaş aýratynlygy belgilerine görä satyn almaklyk maslahat berilýär.

  Çaga we sport

Çagalaryň zehinli we sagdyn bedenli bolup ýetişmeklerinde  sport ägirt uly orny eýeleýär. Sport çagalaryň ýaramaz endiklerden gaça durmaklaryna, wagtlaryny tygşytly sarp etmeklerine-de ýardam edýär. Emma ähli çagalaryň sporta höwesi bolup hem durmaýar. Şonuň üçin şeýle çagalary sporta gönükdirmek ata-enä kyn düşüp bilýär. Sebäbi käbir çagalar aňsadyna bakyp, sportda özlerine zor salmak islemeýärler we ondan gaçarak durýarlar. Käbirleriniň bolsa sport bilen meşgullanmaga mümkinçiligi bolmaýar. Hatda ol barada pikir hem etmeýär.

Çagalara sporty söýdürmegiň iň täsirli usullarynyň biri olar bilen bilelikde sport bäsleşiklerine tomaşa etmeklikdir. Gerek ýerinde, bilelikde şeýle ýaryşlara gidilmelidir. Sport bilen baglanyşykly kinolar görkezilmelidir. Sportuň dürli ugurlarynda üstünlik gazanan ýaşlar barada maglumat berilmelidir. Sport bäsleşikleri ýazgy edilip, olary gaýta-gaýta tomaşa etmäge mümkinçilik döredilmelidir. Emmä sport bilen meşgullanýan halatynda olaryň sapaklaryna ýetişikleri hem gözden salynmaly däldir.

Çaga we kitap

Rus ýazyjysy Maksim Gorkiý “Her bir kitap meni adamkärçiligiň belentliklerine galdyrýan, durmuşa düşünmegime ýardam edýän güýç bolup görünýär” diýýär. Hakykatdan-da,  kitap durmuşy, ýaşaýşy gözelleşdirýär. Oňa many öwüşginlerini çaýýar. Şeýle güýjüň çaganyň durmuşyna hem ornaşmagy, elbetde, her bir ata-enäniň arzuwydyr.

Hawa, kitap iň gowy dost hasaplanylýar. Kitap bilen dostlaşan her bir çaga özüne aýratyn bir dünýäni gurýar. Şol dünýä hem onuň öz-özüne akyl ýetirmegine ýardam edýär. Kitap diýleninde çagalar diňe bir okuw kitaplary bilen çäklendirilmeli däldir. Sebäbi çaganyň durmuşynda çeper edebiýatlaryň uly orny bardyr. Kitap çagalaryň ylym-bilimiň çuňluklaryna aralaşmagyna, sözleýiş diliniň ösmegine, söz baýlygynyň artmagyna ýardam edýär. Jemgyýetde öz ornuny tapmagyna, jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň sagdyn bolmagyna, okaýan jemgyýetiň kemala gelmegine itergi berýär. Olaryň ýanynda hemsyrdaş bolup, ýaşaýyşa bolan ynamyny güýçlendirýär. Emma bu zatlar diňe çaganyň kitap okamaklygy endik halyna getireninden soňra amala aşýar. Şonuň üçin hem çagalara kitaply dünýäniň lezzetini dadyrmak ozaly bilen ata-enäniň, maşgala agzalarynyň, ikinjiden mugallymlarynyň, galyberse-de, bile tirkeşýan dostlarynyň üstüne düşýär.

Çaga we multfilm

Mundan 30 – 40 ýyl öň çagalara “Bir bar eken, bir ýok eken...” diýlip erteki aýdylyp berilýän bolsa-da,  häzirki wagtda tehnologiýanyň ösmegi bilen bu ýagdaýlar azda-kände özgerip barýar. Çagalar her näçe ertekili kitaplary okasalar-da, multfilme tomaşa etmek olar üçin has gyzykly bolup görünýär. Çünki ses, şekil, hereket, duýgy birleşip çagalaryň ünsüni özüne çekýär. Wakalar olara has gyzykly görünýär. Emma çagalar multfilme tomaşa edenlerinde diňe multfilmi döredenleriň kesgitlän çäklerinde pikirlenýärler. Olaryň hyýaly göz öňüne getirmeleri takyk berlen gahrymanlar bilen çalşyrylýar. Haçan-da, ertekileri okanlarynda bolsa olar gahrymanlary özleriçe hyýalynda janlandyrýarlar. Wakalary durmuş bilen baglanyşdyryp bilýärler. Ertekini okap bolansoň, olar özleriçe netije çykarmagy öwrenýärler. Emma multfilmlerde netije eýýäm çagalara taýýar görnüşde ýetirilýär. Ýene-de bir bellemeli zatlaryň biri ol hem çagalara görkeziljek multfilmleriň dogry seçilip alynmagydyr. Çünki çaga kinolarda, multfilmlerde gören her bir hereketini gaýtalamaga çalyşýar. Bu bolsa olaryň heniz seljeriş, akyl ýetiriş ukyplarynyň doly kemala gelip ýetişmänligi sebäplidir. Şonuň üçin çagalaryň her bir sowalyna uly adama düşündiren ýaly jogap bermeklik zerurdyr. 

Bellik: makalanyň awtory Şageldi Ýabanow

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar