Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabadyň 138 ýaşly daragty

0
4419

...Siz ony gördüňizmi? Görmedik bolsaňyz, onuň deňinden-ä geçip giden bolsaňyz gerek?! O goja daragt paýtagtymyzyň iň bir ajaýyp künjeginde, Aşgabadyň demir ýol menziline golaý ýerde ösüp otyr. Demir ýol menzilinden Türkmenbaşy şaýoly bilen ýöräniňde, Kemine köçesine ýetmänkäň gündogaryňda, Köpetdag sport toplumynyň Bedenterbiýe we sagaldyş toplumynyň seýilbagyna ýaraşyk berýär. Bu ýerde baglaryň gojasy bolup oturan daragt (tut), aýtmaklaryna görä, 1881-nji ýylda oturdylypdyr. Ondan bäri hasaplap görseň, 138 ýyl geçipdir.

Elbetde, paýtagtymyzdaky bu tut agajy — Aşgabadyň taryhy!

Gürrüňi edilýän goja tut tebigatyň ýaraşygy, Aşgabadyň şöhratly taryhyny beýgeldýär. Bu goja daragt janly ýadygärlik ýaly. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynyň ikinji jildinde belleýşi ýaly: «Ýadygärlikler döwürleriň şaýady, wakalaryň gözi-gulagy».

Üç asyryň şaýady bolup oturan bu daragtyň ýygyrt atan aşaky bölegini görseň, elhepus, köpügören paýhasly gojany ýadyňa salýar. Bu daragt ençe-ençe ýyllaryň şatlygyny-gaýgysyny başyndan geçiren. Bu daragt gyşyň aňzak sowuklaryna-da döz gelendir, elbetde! Bu daragt 1885-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Aşgabada gelen ilkinji demir ýol ulagynyň sesinem eşiden. Şondan bärem eşidip gelýär.

1941 — 1945-nji ýyllar. Hawa, Beýik Watançylyk urşuna giden gerçekler bu daragtyň deňesinden geçip gidendir. Beýik Ýeňiş bilen Aşgabadyň demir ýol menzilinden öýlerine barýan edermenleriň maşgalasyna gowşan pursatlaryndaky şatlygyna şaýat bolandyr. Ýa-da bolmasa, fronta gidip, uruşdan dolanyp gelmedik gahrymanlaryň ýakynlarynyň töwereginde hamsyganlaryny eşitmek asanmydyr, eýsem?!

1948-nji ýylyň 6-njy oktýabry. Bu daragt şol wagt 67 ýaşyndady. Aşgabat ýertitremesiniň hem gowgasyny başyndan geçiren bu goja tut berkligi bilen saklanyp galypdyr. Şol agyr ýyllarda bu daragt adamlara göwündeş bolandyr, elbetde! Onuň ýygyrtlary göwnüme bolmasa, pajygaly pursatlaryň yzyna çalym edýän ýaly.

Onuň kölegesinde ötegçiler hem-de demir ýol ulagy bilen uzak ýoly aşmaly ýolagçylar bir pursatlygam bolsa aýak çekip, dyz epip, dem-dynç alandyrlar. Saýasynda aşyklar süýji söhbet edendirler. Goýry kölegesinde kimler bagtyny tapandyr... Çagajyklar, onuň bal ýaly tudanasyny iýip heziller edendirler. Garaz, tut «Uly bilen uly ýaly, kiçi bilen kiçi ýaly» ýürekdeşlige berlendir.

Tut agajynyň agram düşýän şahasy haçandyr birwagt halkalanypdyr. Ýyllaryň geçmegi bilen berçinli halka agajyň içinde galypdyr. Gart daragt hakynda Aşgabatdan Ýazgeldi Muhammetgeldiýew ýadynda galan käbir zatlary aýtdy.

— 1885-nji ýylda Gökdepe etrabynyň Ýaňgala obasynda doglan meşhur sazanda Mylly Täçmyrat 1902-nji ýylda 17 ýaşynda Jyga diýen agasy bilen Aşgabada göçüp gelýär. Biziň öýümizem (şol wagtky köne Aşgabat obasynda) Mylly agalar bilen goňşy oturan. Kakam Mylly aga hakda köp gyzykly zatlary aýdardy. Mylly aga: «Oglankam göçüp gelen ýyllarymyzda-da, bu tut biline golýetmez bir gujak tutarlykdy» diýip, soň-soňlaram ýatlar eken. Ussat sazanda işine Kemine köçesinden gidende, şol tudy, köplenç, synlap geçer eken.

1987-nji ýylda 14 ýaşly oglankam kakamyň şol tudy görkezmäge äkideni ýadymda. Men goja daragty düýn gören ýaly. Onuň şo-ol öňki durşy. Şol wagt onuň şahasyny saklaýan halkaly demrinde «1881-nji ýyl» diýlen ýazgy hem bardy. Bu daragt — taryh-da! — diýip, Ýazgeldi aga ýatlaýar.

138 ýaşly tut agajy, il içindäki aýdylan: «Tut ýaly jan saglyk arzuw edýän» diýen ýagşy arzuwy ýatladýar. Onsoňam, suratlarda daragtyň durmuşa meňzedilmegi, ýöne ýerden däl bolsa gerek?!

«Daragt bir ýerde kemal tapar» diýleni. Bu goja daragt ajaýyp döwrümiziň arassa howasyndan dem alyp, asmana gol bulap otyr. Sary güýzde tebigatyň öwüşgini bilen ol dana ýaly hasam agras görünýär. Ol tylla güýzüň häzirki günlerinde tylla öwüşginli ýapraklaryny seçeläp başlady.

— Men on ýyl bäri işläp ýörün. Dürli ýerden gelýän myhmanlar bu daragty höwes bilen synlaýarlar. Esasanam, ýaşlar bu daragta gyzyklanyp, durup-durup synlaýarlar. Ýurdumyza gelýän daşary ýurtly myhmanlar hem haýranlar galýarlar. Menem seýilbagyň arassaçylygyna seretmek bilen 138 ýaşly goja tuda-da yhlas bilen ideg edýän — diýip, Köpetdag sport toplumynyň Bedenterbiýe we sagaldyş toplumynyň seýilbagynyň daş-töweregi abadanlaşdyryş boýunça işgäri Jemal Hydyrowa gürrüň berýär.

Bag — tebigatyň bagty. Bag — tebigatdaky baýlyk. Bag — tebigatyň adamzat ýaşaýşyna taýsyz peşgeşidir. Şonuň üçin ýurdumyzda hormatly Prezidentimiň tagallasy bilen ählihak bag ekmek dabarasynyň guralmagy adam hakdaky aladanyň ýene-de bir mysalydyr. Çünki tebigatda baglaryň köpelmegi ekologiýa abadançylygy üçin iňňän ähmiýetli melhemdir. Ýazyjy Gurbannazar Orazgulyýewde şeýle setirler bar: «Tebigatyň sagdynlygy — bu ynsanlaryň sagdynlygydyr».

***

 ...Siz goja tudy gördüňizmi? Görmedik bolsaňyz görüň! Ol 1881-nji ýyldan bäri bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar